
1991-nji ýylyň sahawatly güýzi türkmen halkyna uly bagty peşgeş berdi. Özygtyýarlylygyň ilkinji günlerinden başlap, türkmen döwleti öz kämillik ýoluny saýlap, beýik ynam bilen öňe sary gadam basdy.
Geçen sanlyja ýylyň içinde halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş derejesiniň ep-esli ýokarlanmagy milletimiziň ruhuny galkyndyryp, ösüşiň täze basgançaklaryna tarap giň ýol açdy. Hut şonuň üçin hem şanly Garaşsyzlyk toýuny halkymyz altyn eýýamyň başlanýan güni hökmünde dabaraly garşylaýar.
Bilşimiz ýaly, Magtymguly Pyragynyň ata Watan, mähriban toprak, jemgyýet baradaky ynsanperwer garaýyşlaryny, halky jebisleşdirmek, garaşsyz döwlet gurmak baradaky nesihatlaryny soňra Mämmetweli Kemine, Gurbandurdy Zelili, Seýitnazar Seýdi, Abdysetdar Kazy ýaly, nusgawy edebiýatymyzyň ägirtleri özleriniň özbaşdak, bitewi türkmen döwletini gurmak baradaky arzuwlary bilen utgaşdyryp, mynasyp dowam etdiripdirler. Magtymgulynyň özbaşdak döwlet baradaky gymmatly ündewleri, ýörelgeleri biziň şu günki bagtyýarlyk döwrümiziň döwlet syýasatynyň esaslaryny düzýär.
Mukaddes Garaşsyzlyk bu döwlet berkararlygydyr, ykballaryň gülleýşi, arzuwlaryň wysaly, ösüşleriň özeni hem-de bagtyýarlygyň buşlukçysydyr. Garaşsyzlyk halkyň ak ýoludyr. Garaşsyzlygymyzy gazanmagymyz bilen ýurduň her bir raýaty «Biz kim?», «Biz haýsy ýoldan barýarys?!» diýen sowala anyk-äşgär jogap tapmaga mümkinçilik aldy. Ony-da diňe döwletiň içeri we daşary syýasaty arkaly däl-de, hut öz şahsy durmuşyndaky özgerişler esasynda akyl eleginden geçirip bildi.
Ýurduň abadançylygy, il-günüň bagtyýar durmuşy üçin sarp edilýän gijeler halkymyz üçin ýagty gündiz bolup gaýdyp gelýär. Biz bu gün Garaşsyz Türkmenistanyň raýatlary. Şu döwürde pederlerimizden gelýän ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolup, özümize dolandyk. Dünýäniň belent münberlerinde öz sözümizi diýdik, öz ýüzümizi görkezdik. Asudalyk, abadançylyk, ynanyşmak başlangyçlaryny öňe sürdük, olary ykrar etdirmegi başardyk.
Garaşsyzlyk bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Ol ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr. Garaşsyzlyk ýurduň parahatçylygydyr, halkymyzyň eşretli zamanasynyň bagt wysalydyr. Garaşsyzlyga guwanmak – Watanyňa, bagtyňa guwanmakdyr. Goý, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gudraty bilen gazanýan ýeňişlerimiziň, ýetýän belent sepgitlerimiziň dowamy dowamat bolsun!
Berdi BERDIÝEW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy.