Žurnalistiň sahypasy

Ykbalyň eçilen bagty

22-09-2024 / 33

Agzybir halkymyz ajaýyp baýramy — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny bellemäge uludan taýýarlyk görýär. Agzybir halkymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan ýeňişlerini, ýeten belent sepgitlerini bütin dünýä görýär we ykrar edýär.

Dabarasy has-da uludan tutulýan bu şanly toýy ýokary derejede, mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ýurdumyzyň her bir raýatynyň baş maksadydyr. Şonuň üçinem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň üstünliklere beslenýän buýsançly günlerinde önümçiligiň ähli pudaklarynda iş depginleri has-da ýokarlanyp, täze-täze zähmet ýeňişleri gazanylýar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz tanalmaz derejede özgerdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen gülläp ösüşiň aýdyň ýolunda röwşen geljege ynamly ugur aldy, jemgyýetimiz bütinleý özgerip, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli tutumly işlere badalga berildi. Şeýlelikde, häzirki döwürde durmuşymyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan ägirt uly ösüşler dünýäni haýran edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz aladalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende götermek we adamlar üçin iň oňat durmuş şertlerini döretmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barha rowaçlanýar.

Döwlet Garaşsyzlygymyz biziň guwanjymyz hem buýsanjymyzdyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyz ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan döwletliligini, baky bagtyýarlygyny berkarar etdi, erkana gurmaga, döretmäge aýdyň ýollary açdy. Bu gün her gysym topragy merdana halkymyzyň watansöýüjiligine, gahrymançylygyna, paýhas-parasatyna ýugrulan ata Watanymyzyň ähli ýerinde beýik işleriň rowaçlygy, raýatlarymyzyň bagtyýarlygy höküm sürýär.

Garaşsyzlyk biziň milli guwanjymyzdyr. Döwlet derejesinde uly dabara bilen bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni kalbymyzy joşduryp, göwünlerimizi galkyndyrýar. Goý, berkarar Watanymyzda toýlar toýa ulaşsyn! Türkmen halkynyň bagtyýar, abadan ýaşaýşy ugrunda ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Dünýä NURYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby, Kärdeşler arkalaşygynyň talyp hakynyň eýesi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu