
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredýän, gurýan, bedew batly ösüşler bilen okgunly öňe barýan mähriban halkymyz mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny uly dabaralara besläp, mynasyp garşy alýar. Döwlet Garaşsyzlygymyz indi 33 ýyl bäri ösüşdir özgerişlerden doly röwşen ýollarymyza, bagtyýar geljegimize nurly şuglasyny saçýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan! Bu sözde çuň many, göwünlere şatlyk paýlaýan ajaýyp duýgy, çäksiz guwanç hem buýsanç jemlenen. Bu gün başlarymyzyň täjine deňeýän ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyna guwanmakda, Watany söýmekde, ony ösüşdir özgerişlere beslemekde her birimiz üçin nusgalyk görelde bolýan Milli Liderimiziň parasatly ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň gadymy şöhratyna mynasyp işler bitirilip, Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna ajaýyp sahypalar ýazylýar. Hormatly Prezidentimiz il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli, dost-doganlyga, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli hyzmatdaşlyga ýugrulan ajaýyp maksatlaryny beýan edip, geljekde ýerine ýetirilmeli tutumly işleri kesgitleýär.
«Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýdýar. Şeýlelikde, dost-doganlygyň, agzybirligiň, hoşmeýilliligiň, ynsanperwerligiň, asudalygyň, parahatçylyk söýüjiligiň ygtybarly binýadyna daýanýan berkarar döwletimizde uly ösüşler gazanylyp, guwandyryjy özgerişler amala aşyrylýar. Güneşli Diýarymyzyň senagatynda, oba hojalygynda we beýleki ulgamlarynda ýetilýän belent sepgitler, welaýatlarymyzda gurulýan, dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan kuwwatly önümçilik desgalary, obalarymyzy, şäherçelerimizi, etrapdaky şäherleri we etrap merkezlerini abadanlaşdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler munuň aýdyň mysallarydyr.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş, ylym-bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmek, dünýä derejesinde kämilleşdirmek bilen birlikde, oba hojalygynda we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda uly öňegidişlikleriň gazanylmagy üçin giň mümkinçilikleri, ähli şertleri döredip berýär, ata Watanymyzy halk bähbidine ýugrulan rowaçlyklaryň aýdyň ýoly bilen nurana geljege tarap ynamly öňe alyp barýar. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň pajarlap ösmegi üçin durmuşa ornaşdyrylýan beýik işler halkymyzyň bagtyýar hem ygtybarly ýaşaýşynyň kepilidir. Baky berkarar döwletimizde dünýä derejesindäki Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, durmuş derejesini ýokarlandyrmak, dünýäniň tehniki ösüşleriniň, ylmy gazananlarynyň elýeterli bolmagyny üpjün etmek boýunça durmuşa ornaşdyrylýan maksatnamalar halkymyzyň kalbyny çäksiz buýsanja besleýär. Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde dünýä ýüzünde meşhurlyga eýe bolýar, durmuş-ykdysady taýdan barha ösýän, ägirt uly mümkinçilikleri bolan, islendik wezipeleri çözmäge ukyply, kuwwatly häzirki zaman döwleti hökmünde giňden tanalýar. Agzybir halkymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan ýeňişlerini, ýeten belent sepgitlerini bütin dünýä görýär we ykrar edýär. Ol ösüşler halkymyzyň ägirt uly döredijilik güýjüniň bardygyny subut edýär.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň geçen döwründe welaýatymyzda hem hasyl bolan maksatlar, amala aşyrylan ägirt uly işler barmak büküp sanardan köp. «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymata berk eýerip, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgäni öňe süren döwlet Baştutanymyz ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan milli maksatnamalary kabul edip, ýurt Garaşsyzlygymyzyň şöhratly taryhyna buýsançly sahypalary ýazýar. Eziz Diýarymyzda alnyp barylýan gurluşyklar giň gerimliligi bilen görenleri haýrana goýýar. Ýurdumyzyň çäklerinden çekilýän ajaýyp ýollar dünýä yklymlaryny birleşdirmäge ukyplydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde gurlan «Altyn asyr» Türkmen köli, awtoulag we demir ýollary, ýaş nesillere dünýä derejesine laýyk umumybilim berýän orta mekdeplerdir çagalar baglary, kuwwatly önümçilik desgalarynyň her biri hakda isledigiňçe täsirli söhbetleri etmek mümkindir.
Bagdagül ORAZBERDIÝEWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy.