Žurnalistiň sahypasy

Garaşsyzlyk — halkyň beýik ykbaly

23-09-2024 / 382

Garaşsyzlyk — bu uly bagt, mukaddeslik. Garaşsyzlyk bize özbaşdak ösüş ýoluny — milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň başga hiç bir ýerde gaýtalanmaýan türkmen nusgasyny saýlap almaga mümkinçilik berdi. Muňa soňky 33 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň gazanan ösüşleri aýdyň şaýatlyk edýär. Şu jähetden, garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiz ösüşiň dünýä ýurtlary üçin nusga alarlyk giň tejribesini toplady.

Özygtyýarlylyk, erkinlik, asudalyk, parahatçylyk ýaly jümleleriň ählisi hem «Garaşsyzlyk» diýen nurana sözden gözbaş alýandyr. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy hem hut şol ýörelgelerden binýat bolup, oňa merdana pederlerimiziň abadan, parahat durmuşda ýaşamak baradaky arzuw-islegleri siňendir. Arzuwlar il bähbitli tutumly maksatlara öwrülende bolsa, diňe beýik işler amala aşyrylýar, özgerişler ýaran bolýar. Bu Garaşsyz Türkmenistanyň mysalynda hem şeýledir.

Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk – bu türkmen halkynyň döwletliliginiň goşa ganatydyr. Şol goşa ganaty birleşdirip, halkymyzy bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyz şeýle diýýär: “Biziň ýolumyz döretmek ýoludyr. Biz şu ýol bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi belent maksatlara tarap ynamly alyp barýarys”. Bilşimiz ýaly, 1991-nji ýylda ýurdumyz döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolup, 1995-nji ýylda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde dünýäniň 185 döwleti Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini biragyzdan ilkinji gezek ykrar edipdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda geçen 69-njy mejlisinde bolsa 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasy gaýtadan kabul edildi.

Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň saýasynda erkana dem alýan Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynda uly abraýa eýe boldy. Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz BMG-niň sessiýalarynda diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerini araýan, düýbünden täzeçillige ýugrulan çuň manyly taryhy we dünýä ähmiýetli teklipleri öňe sürýär. Bu teklipler halkara hukugynyň kämilleşmegine, parahatçylygyň barha berkemegine, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dünýä ýüzüne ýaýramagyna ýardam berýär. Halkymyz taryhyň dürli döwürlerinde-de asuda ýaşamagy, goňşy döwletler bilen parahatçylykly gatnaşyklary alyp barmagyň tarapdary bolupdyr.

Döwleti beýik ösüşlere ýetirmek üçin milli başlangyç gerek. Şeýle başlangyçlary bolsa Milli Liderler öňe sürýärler. Ýene-de bir gerek zat bar, olam gurmaga, döretmäge ukyply agzybir il-gün. Şolar bir ýere jem bolanda, döwletimizde bolşy deýin, halkyň şu güni we geljegi diňe gowulyk bolar. Muny Garaşsyz Türkmenistanyň 33 ýyllyk tejribesi-de subut edýär. 33 ýyl taryhy nukdaýnazardan çäkli görünse-de, bu döwrüň içinde juda ajaýyp hem beýik ösüşler gazanyldy. Çünki halk agzybir bolanda aňy-paýhasy, başarnygy-üşügi, hyjuwy-gaýraty bilen gudrat döredýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli senesi — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy bilen hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!

Selbiniýaz GOÇMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu