Žurnalistiň sahypasy

Garaşsyzlyk Türkmenistany dünýä çykardy!

22-09-2024 / 36

Dünýä çykmak, dünýä bähbitli beýik işlere dahylly bolmak uly bagt. Halkara we dünýä derejesindäki oňyn başlangyçlara öz şahsy goşandyny goşmak her ýurduň, berkarar döwletiň arzuwydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz şu jähetden Hak tarapyn ýalkanan ýurtdur. Oňyn daşary syýasaty arkaly umumadamzat bähbidini nazarlaýan ata Watanymyz öz behişdi goýnundan dünýä sary dost-doganlyk goluny, dostana ýoluny uzadýar. Bu sözlerimiziň aýdyň delilnamasy Garaşsyzlyk ýyllarynda bolup geçen işleriň mazmunynda hem görünýär.

1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistany bu abraýly düzüme kabul etmek hakyndaky çözgüdi kabul etmegi täze taryhymyzyň ýyl ýazgysynda şöhratly sahypany açdy. Bu taryhy waka halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň, saýlap alan daşary syýasy ugrunyň halkara derejede giň goldawa eýe bolýandygyny görkezdi. Ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky köpasyrlyk arzuw-umytlaryndan bina bolan Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dünýä ýaýyp, häzirki zamanyň ylmy-tehniki ösüşlerine, täze gözýetimlerine çuňňur aralaşmagyna ak ýol açdy. Bu şanly sene Türkmenistanyň halkara işlere deňhukukly gatnaşmagyna mümkinçilik berip, dünýäde BMG tarapyndan ilkinji Bitarap döwlet hökmünde hukuk derejesiniň ykrar edilmegini şertlendirdi.

Milletler Bileleşiginiň agzalygyna kabul edilen gününden bäri Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünlerine, Adam hukuklary hakyndaky ählumumy Jarnamasynyň ýörelgelerine, konwensiýalarynyň kadalaryna ygrarly bolmagynda galýar. BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen milli we halkara derejede ileri tutulýan ugurlar hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bulardan başga-da, ýurdumyz ählumumy parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň berkidilmegine, deňagramly hem-de birleşdiriji häsiýete eýe bolan halkara tagallalara saldamly goşant goşýar. BMG-niň goldamagynda ählumumy abadançylygyň bähbidine daşky gurşawyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy ugrunda guramaçylyk, syýasy-ykdysady, halkara hukuk şertleriniň döredilmeginde aýratyn işjeňlik görkezýär.

Häzirki wagta çenli Türkmenistan dünýäniň 150-den köpräk döwleti bilen diplomatik gatnaşyklar saklaýar. Ýurdumyz BMG-niň geňeşleriniň, komitetdir komissiýalarynyň 10-dan gowragynyň düzümine girýär. Döwletimiziň başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalar durnukly ösüşiň köp ugurlaryny öz içine alýar. Şunda Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň iki gezek ykrar edilmegi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.

Eziz Diýarymyzyň halkara gatnaşyklaryndaky hyzmatdaşlygynyň gerimi iňňän giň. Goňşy halklaryny dogan, dünýä ýurtlaryny özüne dost hasaplaýan döwletimiz halkara diplomatik gatnaşyklary kämilleşdirmegi, dabaralandyrmagy baş maksat edip goýýar. Şoňa görä-de, dünýä döwletleri bilen halkara gatnaşyklaryny has-da ýygjamlaşdyrýar.

Dünýäde parahatçylyk ýoly bilen gadam basmakdan, deňi-taýy bolmadyk gözellikleri döredip, onda öz bagtyňy şöhlelendirmekden, älemde beýik ynsanperwer ýörelgeler bilen tanalmakdan uly bagt barmy?! Ine, şol bagtyň agzybirlige ýugrulan sergin şemaly halkymyzy abadan ýaşaýşyň ruhuna gaplap aldy. Şeýlelikde, merdana pederlerimiziň jahany baglan şan-şöhraty bilen berkarar bolan ýurt Garaşsyzlygy — pederlerimiziň arzuwlan parahatçylygynyň durmuşa ornaşdyrylan subutnamasyna öwrüldi. Biziň bu ajaýyp döwrümiz — Garaşsyzlyk eýýamymyz «Berkarar döwlet istärin» diýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan, «çoh garaşan» zamanasydyr. Bagtyýar türkmen halky indi «Pyragynyň arzuwlan zamany geldi!» diýýär.

Suraý NAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu