
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, elektroenergetika pudagy hem ýokary depginde ösdürilýär. Elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde döwrebap elektrik stansiýalary, täze elektrik geçirijiler gurulýar, öndüriji kuwwatlyklar ep-esli artdyrylyp, olaryň durky täzelenilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleri kanunçylyk taýdan berkitmek üçin kadalaşdyryjy hukuk namalary döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi-de munuň nobatdaky güwäsidir.
Energiýany tygşytlamak — munuň özi energiýa serişdeleriniň peýdalanylmagynyň degişli bähbitli netijeliligini, şol sanda öndürilen harytlaryň möçberini saklamak bilen, peýdalanylýan energiýa serişdeleriniň möçberiniň azaldylmagyna gönükdirilen guramaçylyk, hukuk, tehniki, tehnologik, ykdysady we gaýry çäreleriň durmuşa geçirilmegidir. Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatda hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň esasy ýörelgeleri energiýany tygşytlamak boýunça çäreleriň geçirilmeginiň ylmy-tehniki, ykdysady taýdan esaslandyrylmagy; dolandyryşyň we gözegçiligiň ulgamlaýynlygy; energiýa taýdan netijeli enjamlaryň, tehnologiýalaryň, materiallaryň ornaşdyrylmagynyň ileri tutulmagy; energiýany tygşytlamagyň we energiýadan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň höweslendirilmegi; ýangyç-energiýa serişdeleriniň öndürilmegi we sarp edilmegi babatda deňagramlaşdyrylan baha syýasatynyň hem-de nyrh emele getirişiniň alnyp barylmagyndan ybaratdyr.
Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Geçen ýylyň noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda onuň düýbüni tutmak dabarasy geçirilipdi. Bu iri desga ýurdumyzda kuwwaty boýunça ikinji elektrik stansiýasy bolar. Ol senagat taýdan barha ösýän Balkan welaýatynyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün eder. Stansiýanyň öndürýän elektrik energiýasynyň artykmaç bölegi ýurdumyzyň bitewi halkalaýyn energoulgamyna gönükdiriler, şeýle hem ony goňşy ýurtlara ibermäge mümkinçilik dörär. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň işe girizilmegi-de elektrik stansiýalarynyň bökdençsiz işledilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Ýurdumyzyň energiýa kuwwatlyklaryny sebitleriň arasynda paýlamak, elektrik geçirijileriň kadaly işlemegini gazanmak maksady bilen, halkalaýyn ulgamy döretmek wezipesi öňde goýlup, bu ugurda netijeli işler alnyp baryldy. Bu taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan bölegi 2021-nji ýylda guruldy. Taslamanyň Mary — Ahal bölegi bolsa 2023-nji ýylda işe girizildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda taslamanyň üçünji tapgyrynyň — Balkan — Daşoguz böleginiň gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berildi. Şeýle-de bu tapgyryň çäklerinde her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan «Balkan» we «Daşoguz» elektrik beketleri guruldy. Jemi uzynlygy 572 kilometre ýetýän Balkan — Daşoguz elektrik geçirijisini çekmek boýunça ähli işleriň ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan amala aşyrylandygyny bellemek gerek. Bu möhüm taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistana Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinjileriň hatarynda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmäge mümkinçilik berdi. Energiýa halkasy welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň energiýa ulgamlarynyň arasynda özara baglanyşyk arkaly Diýarymyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny üpjün eder. Şonuň netijesinde, energiýa bloklaryny, elektrik beketlerini, elektrik geçiriji ulgamlary sarp edijilere päsgel bermezden bejermek hem-de döwrebaplaşdyrmak mümkin bolar.
Elektroenergetika pudagynda durmuşa geçirilýän işler milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakda we onuň ösüşini üpjün etmekde, eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda, ýurdumyzy senagatlaşdyrmakda, sebitleri okgunly ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.
Ýusup GURBANMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Energo-tehnologiýa fakultetiniň Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.