Žurnalistiň sahypasy

Dünýä ähmiýetli ulag taslamalary

22-09-2024 / 65

Bilşimiz ýaly, logistika düşünjesi soňky döwürde dünýä söwdasynyň, haryt dolanyşygynyň ählumumylaşmagyndan emele gelen zerurlyk hökmünde giň gerim aldy. Türkmenistan bu gün multimodal ulag-aragatnaşyk ulgamyny, şol sanda demir ýollar, awtoulag, deňiz ýollary, ammarlardyr portlar ýaly infrastrukturalary ösdürmek we goldamak üçin, döwlet bilen hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny jebisleşdirmegiň, bilelikdäki maliýeleşdirmeler arkaly bu ugra şereketleriň maýa goýumlaryny çekmegiň möhümdiginden ugur alyp, bäsdeşlige ukyply milli logistika kompaniýalarynyň emele gelmegine aýratyn üns berýär.

Türkmenistanyň milli ulag-logistika strategiýasynyň mazmunyny we esasyny Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan döwrebap dikeltmek konsepsiýasy düzýär. Orta asyrlarda ülkeleri we halklary birleşdiren bu gadymy kerwen ýoly ýurdumyzyň çäginden geçipdir. Ony häzirki döwrüň netijeli halkara hyzmatdaşlyk hem-de dost-doganlyk ýoluna öwürmek baradaky pikir-garaýyşlar Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan dünýä ähmiýetli ulag taslamalary bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, häzirki geosyýasy we geoykdysady şertler, zerurlyklar, maksatlar bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Ýurdumyzda ýükleri awtoulagda daşamagyň geografiýasyny giňeltmäge, Ýewropa ýurtlaryna gatnawlary amala aşyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ulag-logistika ugrunda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak işleri hem alnyp barylýar. Häzir Türkmenistan dünýäde logistika düzümlerini barha ösdürýän esasy ýurtlaryň birine öwrüldi, ýöne onuň Ýewraziýada döwrebap ulag-üstaşyr ulgamynyň geçýän iri merkezine öwrüljek günleri hem daşda däl.

Hormatly Prezidentimiz golaýda Astanada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda söwda-ykdysady gatnaşyklarda sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini aýtdy. Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa we Ýakyn Gündogara geçýän ugurlary aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, «gürrüň Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe we ondan aňryk Ýewropa ýurtlaryna çykýan, şeýle hem Hytaý — Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran we ondan aňryk Ýakyn Gündogara çykýan ugurlar barada barýar». Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran — Pars aýlagy boýunça ýük daşamalara hem aýratyn ähmiýet berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gazagystanyň Prezidenti bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşygynda hem deňiz portlarynyň kuwwatyndan peýdalanmak arkaly Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugrunda bilelikdäki işleri güýçlendirmegi teklip etdi.

Gahryman Arkadagymyzyň halkara başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli, oýlanyşykly daşary ykdysady syýasat hem-de bu ugurda öňe sürülýän teklipler söwda gatnaşyklaryny kämilleşdirýär, telekeçiligiň ösmegine ýardam edýär, deňiz, howa, guryýer ulaglary boýunça logistika hyzmatynyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrýar. Bu bolsa Ýewraziýa yklymynda täze geoykdysady giňişligi döretmegiň baş şertidir, sebitleýin ykdysadyýetiň okgunly ösüşi üçin açylýan täze, giň ýoldur.

Rüstem ÝAGŞYMYRADOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň talyby.
Halypa mugallym: Umbar AMANDURDYÝEW.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu