
Her ýylyň altyn güýzüniň ilkinji aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň mazmuny ynsan saglygyny goramakdan, il-günüň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden gözbaş alýar.
Täze taryhy döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen bagly giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Döwrümiziň bezegine öwrülen ýollar gözel paýtagtymyzy ähli welaýat merkezleri, şäherler we şäherçeler bilen birleşdirýär. Döwrebap ýollarda iň kämil, häzirki zaman yşyklandyryjylaryň goýulmagy, köçeleriň salgysyny görkezýän ugur görkezijileriň ýerleşdirilmegi, sowma ýollaryň gurulmagy ýol hereketine gatnaşyjylaryň ählisiniň howpsuzlygyna we ýol-ulag hadysalarynyň döremeginiň öňüniň alynmagyna gönükdirilendir.
Dogana-dosta uzaýan ak ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň, kadaly hereketi üpjün edýän ýolyşyklaryň hem-de beýleki degişli ýol belgileriniň bolmagy sürüjilere, pyýadalara amatly şertleri döredýär. Giň ýollarymyzdaky döwrebap ýol belgileridir ýol çyzgylary hereket howpsuzlygynyň möhüm şertleriniň biridir. Şular bilen baglylykda, häzirki wagtda Içeri işler ministrligimiziň degişli düzümleri bilen bilelikde ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda yzygiderli düşündiriş, wagyz-nesihat çärelerini geçirýäris, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýäris.
Ýurdumyzda her ýyl «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygaryň astynda biraýlyk çäreleriniň geçirilmegi raýatlarymyzyň jan saglygyny gorap saklamakda, jemgyýetçilik aňyny ýokarlandyrmakda, ömrümiziň howpsuzlygyny gazanmakda, döwletimiziň abadanlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýollarymyzyň asuda, abadan, parahat bolmagy üçin bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Ogultäç GURBANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.