
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy, ony düýpli üýtgedip guramaga kanuny esaslar döredildi. Häzirki wagtda oba hojalygyny ylmy esasda alyp barmak boýunça hem uly işler amala aşyrylýar. Dünýäniň ösen tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň, öňdebaryjy tejribäniň gazananlary ata-babalarymyzyň ekerançylykda asyrlarboýy toplan tejribesi bilen utgaşdyrylyp, önümçilige giňden ornaşdyrylýar.
Daýhan üçin suw, ýokary hilli tohum bereketli hasyl öndürmegiň esasy çeşmesidir. Oba hojalyk ministrliginiň däneçilik, ekerançylyk we pagtaçylyk ylmy-barlag institutlarynyň döredilmegi, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk merkeziniň açylmagy daýhanlary bu möhüm serişdeler bilen doly derejede üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň oba hojalyk önümçiligini köpugurly esasda ösdürmek, däneçilik, pagtaçylyk, gök ekerançylyk, maldarçylyk, guşçulyk ýaly ugurlar boýunça degişli gatlaklary döretmek, möhüm önüm öndürijileriň, gaýtadan işleýänleriň hem-de hyzmat düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen kuwwatly tehnikalar satyn alynýar, gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki ekinleriň has ýokary hasylly, kesellere çydamly görnüşleriniň döredilmegine giňden goldaw berilýär. Ýygnalan hasyly kabul etmek hem saklamak, gaýtadan işlemek üçin täze elewatorlar, ammarlar, kärhanalar gurlup ulanmaga berilýär.
Täze eýýamda döredilen oňaýly şertlerden peýdalanýan daýhanlarymyz ene topraga yhlas etmegiň, ýerden bol hasyl alyp, Watanymyzyň beýik ösüşlerine goşant goşmagyň, azyk bolçulygyny mundan beýläk-de üpjün etmegiň ýakymly aladalary, begenji hem buýsanjy bilen ýaşaýarlar. Daýhan adamlar hemişe daň bilen örýärler, hazynalar çeşmesi ene topraga hyzmat edip, ýagşy işlere ulaşýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sahawaty bilen nurlanýan ajaýyp eýýamda bereket-bolçulygyň mekany bolan mähriban ýurdumyz gül açsyn, maksatlar myrat tapyp, ak arzuwlar hasyl bolsun!
Firuza DOSÇANOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.