Žurnalistiň sahypasy

Milli tejribeler – kämillige badalga

21-09-2024 / 42

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik özgertmeleriň amala aşyrylýan, ajaýyp ösüşleriň gazanylýan we belent sepgitleriň ýetilýän eýýamydyr. Onda esasy ynam Garaşsyz ýurdumyzyň altyn geljegi bolan, häzirki zaman innowasiýalaryndan baş çykarýan ylymly we bilimli türkmen ýaşlaryna bildirilýär. Munuň özi täze taryhy döwürde ähli ýaşlaryň bilim alyp, ylym öwrenip, ählitaraplaýyn kämil hünärmenler hökmünde durmuşa geçiriljek beýik işlere mynasyp goşant goşmaga bolan ynamyny has-da artdyrýar, olary ruhlandyrýar.

Ata-babalarymyz taryhda döwlet gurmak, ony dolandyrmak, jemgyýetde adalatlylygy ýola goýmak babatda dünýä nusgalyk işleri bitiripdir. Bu gün türkmen halky ýene öz berkarar döwletinde bagtly durmuşyň hözirini görýär. Milli Liderimiz bu babatda: «Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň gazanan esasy üstünligimiz hökmünde taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň taryhy hem-de gazanan milli tejribesi, Bitaraplygymyzyň ählumumy parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti bu gün tutuş dünýäde uly gyzyklanma döredýär» diýip jaýdar belledi.

Garaşsyzlyk 33 ýyllyk toýunyň dabaralarynyň hut Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giň gerimli wakalaryndan başlanmagy hem uly ähmiýete eýedir. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde ýurdumyzda täze bilim edaralarynyň, şol sanda çagalar baglarynyň ençemesi açylyp ulanmaga berildi. Hünärmen, magistr we bakalawr maksatnamalary boýunça täze hünärler açylyp, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ýaşlarymyz okuwa kabul edildi. Munuň özi ösüşiň belent sepgitleriniň ylymly-bilimli, döwrebap dünýägaraýyşly nesiller bilen berk baglanyşyklydygyny aýdyň tassyklaýar.

Täze taryhy döwürde milli bilim ulgamynyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmaga, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilim işini kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler depginli dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy dünýä tejribelerine hem-de halkara ülňülere laýyklykda tapgyrlaýyn kämilleşdirilýär.

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny depginli ösdürmekde uly tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt ähmiýetli döwletli tutumlary hemişe rowaç alsyn, janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! Mähriban halkymyzy Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Muhabbat MEREDOWA,
Daşoguz şäheriniň 27-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu