Žurnalistiň sahypasy

Geňeşli salamat bolar

21-09-2024 / 37

Möhüm meseleleri köpçülik bilen maslahatlaşyp çözmek, milli demokratik däplere eýermek we jemgyýetçilik pikirini nazara almak halkyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidir. Halk Maslahaty ýüzýyllyklaryň dowamynda toplanan milli tejribä esaslanýar we şondan ugur alýar.

Mälim bolşy ýaly, Esasy Kanunymyzyň 4-nji maddasynda adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň esasy wezipeleri hökmünde beýan edilýär. Bu kadalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, olaryň iş ýüzünde gyşarnyksyz berjaý edilmegi ugrunda köp işler ýerine ýetirildi we dowam etdirilýär. Bu çäreler adamyň hukuklarydyr azatlyklaryna hormat goýmaga, täze hukuk medeniýetini kemala getirmäge, döwletlilik ýörelgelerini ösdürmäge, döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmäge ýardam edýär.

Il-güne hyzmat etmek halk wekilleriniň jana-jan borjy bolup durýar. Ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň täze taryhy eýýamyň maksatlaryny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň dünýädäki ornuny pugtalandyrmak hem-de başlangyçlaryny halkara giňişlikde ilerletmek işine goşýan goşandy wajypdyr.

Halkyň ruhy mirasynyň dürdänelerini özünde jemleýän «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar», «Geňeşli toý uzak gider», «Geňeşli ýerde kemlik ýok» ýaly jümlelerde maslahatlaryň we geňeşleriň döwletli işlerde we durmuşyň beýleki taraplarynda nähili möhümdigi nygtalýar. Bu jümleler halkyň pikir-paýhasyna we pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine esaslanýar. Geňeş we maslahat arkaly edilen işleriň hemme ýerde has netijeli we dowamly boljakdygy barada pikir öňe sürülýär. Agzybirlige, jebislige eýerip, halkyň ähli jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagy, oňyn çözgüde ýetmekde giňden maslahatlaşmagy üpjün edýär.

Bosagada duran taryhy mejlisde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkara gatnaşyklarda ornuny güýçlendirmek we dünýä jemgyýetçiligindäki abraýyny ýokarlandyrmak ýaly möhüm meseleler maslahatlaşylar. Şeýle hem öňde goýlan belent wezipelere ýetmek üçin il-ýurt bähbitli, ykbal özgerdiji resminamalar kabul ediler.

Firuza DOSÇANOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu