Žurnalistiň sahypasy

Baky berkararlygyň bagty

20-09-2024 / 47

Belent bagtymyzyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna tutulýan toý milli senenamamyzyň bir gününiň çygryndan has giň. Tutuş ýurdumyz güýzüň ilkinji gününden bäri baş baýramymyzyň dabaralaryna beslenýär. Göwünlerdäki toý ruhy döwrümize, döwrümiziň toý lybasy bolsa göwnümize nur çaýýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň belleniljek gününe bir hepdeden sähel gowrak wagt galdy. Şanly toý barha ýakynlaşdygyça, göwünlerimiziň şatlygy, toý ruhy Göge göterilýär. Çünki baş baýram — her birimiz üçin iň mukaddes toý.

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen döwletli ýörelgesine hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatyna laýyklykda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek, Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, tutuş adamzadyň bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän täzeçil başlangyçlary ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça möhüm meseleleri çözmekde öňe sürýän asylly başlangyçlary giň goldaw tapýar. Güneşli Diýarymyz Merkezi Aziýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar hem-de dünýä giňişliginde uly abraýdan peýdalanýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan syýasy, ykdysady ösüşler, medeni-durmuş özgertmeleri halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrdy, gurýan we özgerýän döwletimiziň güýç-kuwwatyny artdyryp, berkararlygyny pugtalandyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir. Garaşsyzlyk biziň dünýä dolan belent at-abraýymyzdyr hem-de şan-şöhratymyzdyr. Şoňa görä-de, biziň mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan hormatymyz, söýgimiz, wepalylygymyz ebedidir we egsilmezdir.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň ýurdumyzda we halkara derejesinde giňden bellenilýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen utgaşmagy halkymyzyň watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny has belende göterýär.

Nurmuhammet HUDAÝKULOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agroekologiýa fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu