Žurnalistiň sahypasy

Şan-şöhratyň dünýä ykrar

Garaşsyzlyk — bagtyň Watan!

19-09-2024 / 69

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen ýylymyzda ata Watanymyz, mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň toýuna uly üstünlikler, ýokary ruhubelentlik bilen barýar. Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp, eziz Diýarymyzda aýdym-sazly döredijilik bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň geçirilmegi, belentden ýaňlanýan şadyýan çaga gülküleri berkarar döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän, bagtly çagalygyň we beýik maksatlaryň hasyl bolýan Watany hökmünde hem bütin dünýä tanadýar.

Garaşsyz ýurdumyzda sagdyn bedenli we belent ruhly nesilleri kemala getirmek döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridir. Şu maksatdan ugur alyp, bagtyýar zamanamyzda ýaş nesillerimiziň watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, döredijilik hem-de zehin taýdan kämilleşmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredildi. Kabul eden milli maksatnamalarymyzyň çäklerinde güneşli Diýarymyzyň ähli ýerinde häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň döwrebap binalaryny gurmakda nusgalyk işler amala aşyryldy.

Bagtyýar çagalygyň, ajaýyp arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýan ata Watanymyzda körpeje nesillerimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmaklary, zehinini kämilleşdirmekleri üçin döwletimizde zerur bolan ähli tagallalar edilýär. Şonuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň kanuny bähbitlerini goramak we üpjün etmek boýunça hukuk kepilliklerini döretmek, aýratyn hemaýata, goldawa mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga hem-de taýýarlamaga gönükdirilen guramaçylyk, kanunçylyk-hukuk, ykdysady çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär.

Ýeri gelende bellesek, mekdebe çenli çagalary mekdebe netijeli taýýarlamak we olaryň geljekde üstünlikli okamaklaryny üpjün etmek üçin mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek esasy işlerimiziň biridir. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýe we bilim bermek işinde dünýä tejribesine işjeň ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalardan peýdalanmaga uly ähmiýet berýäris. Bu çagalaryň sazlaşykly kemala gelmeginiň we ösmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Şonuň bilen birlikde-de, edilýän tagallalar çagalaryň ata Watanymyza bolan söýgüsini artdyrmakda hem ähmiýetlidir.

Rano ŞARIPOWA,
Daşoguz şäheriniň 35-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu