
Türkmenistanda oba hojalygynyň ylmy esasda toplumlaýyn ösdürilmegine, ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, 19-njy sentýabrda paýtagtymyzda açylan «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahat hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda gazanylanlaryň sergisi möhüm ähmiýete eýedir.
Öňdebaryjy tehnologiýalar, ata-babalarymyzyň baý ekerançylyk tejribesi häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyrylyp, tapgyrlaýyn esasda önümçilige ornaşdyrylýar. Oba hojalykçy alymlaryň we ugurdaş hünärmenleriň, ekerançylaryň tutanýerli zähmeti netijesinde oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy ýokarlanyp, Garaşsyz döwletimiziň ygtybarly azyk binýady üpjün edilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy ýokary derejede ösdürilýär. Täze belent sepgitlere, buýsançly zähmet ýeňişlerine ýetilýär. Gazanylýan her bir üstünligiň, zähmet ýeňşiniň aňyrsynda, ilkinji nobatda, oba zähmetkeşleriniň ýadawsyz yhlasy, döredijilikli zähmeti bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär. Şonuň üçin hem döwlet tarapyndan alnyp barylýan işleriň ählisi güneşli Diýarymyzyň zähmetkeş halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Çünki oba zähmetkeşleri ýadawsyz, halal zähmeti bilen sahawatly hem-de bereketli türkmen topragyndan bol hasyl öndürmekde netijeli işleri alyp barýarlar.
Oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini önümçilige ornaşdyrmak ekerançylygy ösdürmegiň täzeçil strategiýasynyň esasy ugrudyr. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» diýlip atlandyrylan güýzlük bugdaýyň täze görnüşleriniň döredilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Oba hojalyk önümleriniň önümçiliginde täze görnüşli ekinlerden peýdalanmak boýunça amal edilmeli işlere, tohumçylyk pudagyndaky üstünliklere, bugdaýyň täze görnüşlerini döretmek bilen meşgullanjak ýaş ylmy işgärleri taýýarlamak üçin şertleri döretmäge bagyşlanan “tegelek stol” maslahatlary pudagyň işini kämilleşdirmek babatda görülýän çäreleriň hataryndadyr.
Ýakynda paýtagtymyzda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara geňeşiniň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Onuň çäklerinde tohumçylyk-seçgiçilik işini mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça duşuşyklar, özara pikir alyşmalar guraldy.
Firuza DOSÇANOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.