
Özygtyýarlylyk we Garaşsyzlyk — durnukly ösüşiň ýoly. Özygtyýarlylygyň we Garaşsyzlygyň hukuk esaslaryna ser salanyňda, milli döwlet gurluşynyň kemala gelmeginiň gözbaşynda 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda kabul edilen Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakyndaky Jarnamanyň durýandygyny bellemek bolar. Bu Jarnamada türkmen halky öz erk-islegini beýan edip we öz ykbaly üçin jogapkärçilikden ugur alyp hem-de milletleriň öz ykbalyny özleriniň kesgitlemek hukugyny durmuşa geçirmäge çalşyp, Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygyny jar etdi. Garaşsyz türkmen döwletiniň emele gelmeginde esas goýujy wajyplyga eýe bolan bu hukuk namasy soňra 1991-nji ýylyň güýzünde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi üçin zerur bolan syýasy-hukuk şertlerini döretdi. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda bolsa bu taryhy hukuk namalarynyň tutuş mazmunyny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan — bu döwlet biziň ata-babalarymyzyň döwletlilik we döwletliligiň ýol-ýörelgesini üpjün etmek baradaky müňlerçe ýyllyk taryhy tejribesine daýanmak, şeýle-de häzirki zaman dünýäsiniň mümkinçiliklerini çuňňur seljermek, onuň iň kämil gazananlaryny kabul edip almak bilen berkidilýändir» diýip jaýdar belleýşine görä, Garaşsyzlyk taryhy hem döwrebap ykbal kesgitleýji waka bolup, ol türkmen jemgyýetiniň şu günki gülläp ösýän döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşýar.
Garaşsyzlyk Türkmenistanyň dünýä ýurtlary, halkara guramalar bilen gatnaşyklarynyň dostluk, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösüşine; dünýäniň ykdysady we medeni-ynsanperwer giňişligine deňhukukly goşulmagyna; ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklarynyň, azatlyklarynyňdyr kanuny bähbitleriniň netijeli goralmagyna; halkara meseleleri çözmegiň oňyn başlangyçlaryny öňe sürmäge; halkara hukugyň ileri tutulmagyna; döwletleriň arasynda deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan, adalatly, demokratik halkara ulgamyň kemala getirilmegine gönükdirilen maksatlara ýetmek üçin halkara parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnuklylygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna işjeň, mynasyp goşant goşmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Özygtyýarlylyk we Garaşsyzlyk halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda köňülde besläp gelen bagtyýar durmuşda ýaşamak baradaky arzuwlaryny hasyl eden gymmatlyklar hökmünde barha möhüm ähmiýete eýe bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her birimiziň ata Watanymyza, Milli Liderimize, döwlet Baştutanymyza bolan çäksiz hoşallygymyzy artdyrýar, döwrümize buýsanjymyzy joşdurýar.
Perman NOBATOW,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.