
Ykballar ýylgyryp, ömürler güllände aýdyň geljege sary alyp barýan belent maksatly işler elmydama rowaçlyga hemra bolýar, günler, göwünler galkynýar. Berkarar döwletiň eýesi bolan türkmen halkymyz şeýle bagtyýar günleriň gadyryny bilip ýaşaýar. Bagtyýarlygyň, asudalygyň, parahatçylygyň gözbaşy bolsa, elbetde, bu biziň Garaşsyzlygymyzdyr!
Ýurduň berkarar, asuda, abadan bolmagy üçin hem ähli sanap geçen zerurlyklarymyzy bir sözde jemleýän «Garaşsyzlyk» diýlen düşünje wajyp bolup, ol halky bagtyýar döwre ýetirýär. Geçmişi şöhratly türkmen halkymyzyň bolsa kalby erkinlik, parahatçylyk mukamyndan pürepür. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly ajaýyp kitabynda şeýle diýýär: «Biz gadymy halk hökmünde hem, geçmişde beýik döwletleri guran halk hökmünde hem, dünýä ýol-ýörelge beren halk hökmünde hem, bu günki özbaşdak döwletli halk hökmünde hem özümizi dünýä nähili ykrar etdirip bilen bolsak we ýene nähili ösüşleri nazarlaýan, ýene nämeleri edip biljek bolsak, bularyň ählisine mümkinçilik döredýän zat Garaşsyzlygymyzdyr».
Asudalyk, dostana gatnaşyklar ata Watanymyzyň parahatçylyk ýoly bilen gülläp ösmeginde uly ähmiýete eýedir. Öňde goýlan maksatlar, bähbitler birleşende, agzybirlik kemal tapýar. «Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr» diýlen paýhasly jümleden görnüşi ýaly, birek-birek bilen ynanyşmak arkaly ýerine ýetirilýän amallar bolsa üstünliklere ýetirýär.
Beýik Garaşsyzlyk bilen galkynan döwletli döwrümiz, ata Watanymyz bütin dünýäni parahatçylyga çagyrýar. Taryha nusga bolýan ykbalymyz şanly şu günümize, nurana geljegimize ýalkym saçýar. Çünki halkymyz Garaşsyz döwlete, döwranly döwre ulaşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sözleri bilen aýtsak, Garaşsyzlyk döwletimiziň binýadyny berkidip, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýdy.
Goý, Garaşsyzlyk bilen heňňamlar güllesin, nesiller örňesin, eýýamlar özgersin! Eziz Diýarymyzda toýlar toýa ulaşsyn!
Didar SAPARLYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby.