
Watanymyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk toýy halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýan halkymyz Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyny uly joşgun we dabara bilen toýlamaga taýýarlyk görýär. Şeýle günlerde ýurdumyzyň durnukly ösüş ýoly bilen öňe gitmeginiň düýp esaslary hakda söhbet etmek buýsançlydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüşleri ulgamlaşdyryp, taryhyň beýik işler, halk bilen bilelikde, halk üçin edilen beýik amallar bilen ýazylýandygyny bellemek bilen: «Ýaşaýyş hemişe täze başlangyçlaryň muşdagy. Ösüş elmydama täzeçil pikirlenmelere, çynlakaý çemeleşmelere intizar. Durmuş her pursatda aýgytly gadamlara garaşýar, gerek ýerinde töwekgellikleri halaýar. Gadymdan gelýän hakykatlar täze döwrüň ruhy bilen utgaşanda, ýaşaýşyň hörpi başgaça bolýar. Ynsanlar her pursatda bagtyň, her günde özüne mahsus rysgyň, her ýagşy hereketde berekediň bardygyna ynanyp, uýup hem-de şol aýratynlygy duýup ýaşaýar» diýen, döwrümiziň waspyny beýan edýän, çuň manyly gysgaça häsiýetlendirmesiniň nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň we Garaşsyzlygynyň ähmiýetini, mazmunyny, oňyn netijelerini görmek bolýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan — bu döwlet biziň ata-babalarymyzyň döwletlilik we döwletliligiň ýol-ýörelgesini üpjün etmek baradaky müňlerçe ýyllyk taryhy tejribesine daýanmak, şeýle-de häzirki zaman dünýäsiniň mümkinçiliklerini çuňňur seljermek, onuň iň kämil gazananlaryny kabul edip almak bilen berkidilýändir» diýip jaýdar belleýşine görä, Garaşsyzlyk taryhy hem döwrebap ykbal kesgitleýji waka bolup, ol türkmen jemgyýetiniň şu günki gülläp ösýän döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşýar.
Ýurdumyzyň, halkymyzyň Garaşsyzlyga esaslanýan durmuş-ykdysady, syýasy-hukuk, ruhy-ahlak maksatlary konstitusion binýatda ösüşlere beslenýän milli hukuk ulgamynyň mazmunynda, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasynda öz beýanyny tapýar. Bu resminamalar Garaşsyzlygyň miweleriniň özboluşly, tapawutly taraplaryna, düýp mazmunyna, taryhy ähmiýetine we durmuş gymmatlygyna çuň düşünmek üçin ýol görkeziji çelgi bolup durýar.
Garaşsyzlygyň 33 ýylynyň dowamynda ýurdumyz hukuk döwleti hökmünde milli gymmatlyklarymyzy umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşdyryp, döwletliligi we hukuk ulgamyny, demokratiýany yzygiderli kämilleşdirip hem-de döwrebaplaşdyryp, ösüş arkaly parahatçylygy üpjün edip gelýär.
Ýazgeldi HALYŞOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy.