
Çaga durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýaş nesilleriň terbiýesiniň derejesi biziň jemgyýetimiziň geljegini kesgitleýär. Şol sebäpli-de, biz – geljekki mugallymlar çaga terbiýesine möhüm ähmiýet bermelidiris.
Çaga diňe oňat zatlar bilen görelde bolmak gerek. Haçan-da, bagy döwüp duran çagany göreniňde, oňa «haý-küş» diýseň ýa-da biri-biri bilen sözi azaşyp duran oglanjyklara dost bolmak barada gymmatly pentleri etseň, şol öwütler olaryň aňynda müdimi galýar. Mugallymyň her bir sözi çaga üçin özboluşly kadadyr. Üns beren bolsaňyz, çaga öýde «mugallym eýt diýdi, mugallym şeýtseň gowy bor diýdi» diýen ýaly sözleri köp gaýtalaýandyr.
Ata-babalarymyzyň bize galdyran edep-terbiýe we ahlak gymmatlyklaryny täze taryhy döwrümizde ösdürmek, durmuşa ornaşdyrmak, ýaşlara giňden düşündirmek hem-de terbiýelemek biz – geljekki mugallymlaryň mukaddes borjudyr. Ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepaly bolmak, Watan, halk bähbitleri üçin göreşmek, halal zähmet çekip ýaşamak, işlemek, döwrebap adamlar bolup ýetişmek ýaşlaryň öňünde duran wajyp meselelerdir. Şeýle belent ynsanperwerligiň, adamkärçiligiň iň ýokary nusgalary ýaşlaryň durmuş ýoluny, geljegini ýagtylandyrjak şamçyragdyr.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şöhraty mundan hem belende galsyn! Bagtyýar nesillerimiziň bolelin durmuşyny üpjün edip, olaryň edep-terbiýeli bolup ýetişmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Selbi ÖDÄÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 3-nji ýyl talyby.