
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Ýaşlykda güýç-gujur, ummasyz kuwwat, täzeçillige, dünýä özgerdijilige bolan ymtylyş bar. «Ýaşlyk geljegi bolany üçin gözeldir» diýilmegi, belki-de, şonuň üçindir. Döwlet syýasatymyzda ýaşlar meselesine berilýän üns, ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işe işjeň çekilişi, olaryň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudagynyň ösüşinde paýynyň uludygy barada oýlananyňda, şu pikirler seriňe dolýar.
Dünýä syrlaryny aňlamaga ömrüni bagyşlan dana pelsepeçiden sorapdyrlar:
— Adamzat nädip dowamat-dowam tapar?
Goja şeýle jogap beren:
— Nesilleri bilen.
Diýmek, nesiller bilen adamzat heňňamlardan aşyp, dowamat-dowam tapýar. Ähli döwürde-de islendik ösen jemgyýetiň ýaşlar meselesine biparh garalmandygy, megerem, şondandyr. Bu asylly ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda aýratyn many-mazmuna eýe bolup, döwlet durmuşynyň her pursatynda mynasyp şöhlelenýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen ýaşlarynyň milli ruhda terbiýelenmegine, pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler esasynda öz öňlerinde maksat goýmagyna, diňe dogry ýol — watansöýüjiligiň ýoly bilen öz arzuw-maksatlaryna ýetmegine şert döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy, aýratyn üns-aladasy bilen türkmen ýaşlary diňe bir ýurduň geljegi däl, olar şu günüň hem esasy güýçlerine, döwrümiziň öňdebaryjylaryna öwrüldiler.
Agzybir halkymyz, esasan hem, ýaşlar ýurdumyzyň syýasy durnuklylygyny, okgunly öňe gitmegini, ähli pudaklarda sazlaşykly ösüşi üpjün etmek üçin mynasyp zähmet çekip, uly goşantlaryny goşmagy özleriniň il-ýurt öňündäki perzentlik borçlary hasaplaýarlar. Yhlasly okamak, döredijilikli we tutanýerli işlemek, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Sahawatly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Firangiz ŞIRALYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.