Žurnalistiň sahypasy

Döwrümiziň we döwletimiziň şan-şöhraty

17-09-2024 / 39

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan indi 33 ýyl bäri özbaşdaklygyny, döwlet berkararlygyny uludan baýram edýär. Biz türkmen jemgyýetiniň taryhynda ozal görlüp-eşidilmedik, hiç hili nusgasy bolmadyk taryhy pursady başdan geçirýäris. Mähriban türkmen halkymyza maddy, medeni we ruhy gymmatlyklaryny gaýtadan dikeltmäge giň mümkinçilik beren Garaşsyzlygymyz beýik döwrüň beýik işlerine mynasyp başlangyç boldy.

Garaşsyzlyk — bu söz örän köp zady öz içine alýar. Agzybirlikde, jebislikde, asudalykda barha berkidilýän beýik Garaşsyzlygymyz halkymyzyň häzirki hem geljekki nesilleriniň bagtly ykballarynyň, ýagty ertirleriniň gözbaşydyr. Dünýä halklaryna özüniň dostluk-doganlyk goluny uzadýan türkmen halkynyň geljegi aýdyň maksatlardan doly. Bu günki gün Gahryman Arkadagly, asly halal, rysgal-bereketli, sahawatly toprakly, mukaddes watanly, Garaşsyz döwletli türkmen halky asuda asmanyň astynda, owadan Diýarda özüni juda bagtly, erkana duýýar. Döwletli döwrana eýe bolan halk özüniň beýik Garaşsyzlygynyň miwelerini, eşretini görüp, oňa guwanyp ýaşaýar. Halkymyz oba hojalygynda, ylym-bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, sungatda, sportda, umuman, ähli ulgamlarda gazanýan ajaýyp üstünliklerine buýsanmaga doly hakly.

Döwlet Garaşsyzlygy bize, sözüň doly manysynda, milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge mümkinçilik berdi. Bu gymmatlyklar müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar hem-de merdana halkymyzyň milli duýgularyny we arassa arzuw-isleglerini beýan edip, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwerlik däpleriniň esasy bolup durýar.

Pederlerimiziň yhlasynyň, arzuwlarynyň, amala aşyrylan ummasyz işleriň netijesinde, agzybir halkymyz Garaşsyz ýurduny — berkarar döwletini gurdy, milli baýlyklarynyň hak eýesi boldy. Taryh üçin gaty bir uzak döwür bolmadyk 33 ýylyň içinde bu mizemez bagtyny — mukaddes Garaşsyzlygyny has-da berkitdi. Biziň bu ajaýyp döwrümiz — Garaşsyzlyk eýýamymyz «Berkarar döwlet istärin» diýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan, «çoh garaşan» zamanasydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýan türkmen halky indi «Pyragynyň arzuwlan zamany geldi » diýýär. Her bir türkmen şunuň ýaly eşretli durmuşda ýaşaýandygyna buýsanmalydyr, Watanyny başyna täç etmelidir, mukaddes Garaşsyzlygyň, baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň, eşretli ýaşaýşyň gadyryny bilmelidir.

Dünýä jemgyýetçiligi biziň ata Watanymyzy binýadyny berkden tutulan Berkarar döwlet, mähriban halkymyzy bolsa, berkarar döwletiň bagtyýar ýaşaýjylary hökmünde tanaýarlar. Bu zatlaryň ählisiniň başlangyjynda şanly Garaşsyzlygymyzyň ynamly ädimleri bardyr.

Ýakupbeg GARRYGULOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçilik fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu