
Halk bilen maslahatlaşmak, geňeşmek türkmeniň asylly milli däpleriniň we demokratik ýörelgeleriniň biridir. Asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, miras hökmünde sarpalanýan bu milli demokratik ýörelgäniň nusgasyny özünde jemleýän, görüm-göreldäniň mekdebi bolup durýan Halk Maslahaty halkyň köňül telwasyna gulak goýmagyň, durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň aýdyň mysalydyr. Munuň şeýledigine «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunyň mazmuny bilen tanyşanyňda-da, aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz demokratiýany ösdürmekde raýat jemgyýetini kämilleşdirmegiň, dünýä ölçeglerine laýyklykda adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmegiň, hukuk taýdan goramagyň, syýasy ulgamy ösdürmegiň, şeýle-de kämilleşdirmegiň tapawutlandyryjy aýratynlyklaryna yzygiderli üns berýärler. Munuň özi ilatyň döwleti hem-de jemgyýeti dolandyrmaga işjeň gatnaşmagynda, raýatlaryň durmuş, syýasy hukuklarynyň täze mazmun bilen baýlaşmagynda öz beýanyny tapýan demokratiýany kämilleşdirmegiň yzygiderli işiniň ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşiniň baş kanunalaýyklygy hökmünde çykyş etmegine oňaýly täsir edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň jaýdar belleýşi ýaly, “Türkmenistanda häzirki zaman milli döwlet gurluşynyň kemala gelmegi öz syýasy-hukuk gözbaşyny 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda kabul edilen Döwlet özygtyýarlylygy hakyndaky Jarnamadan alyp gaýdýar”.
Türkmenistan döwletiniň garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň taryhyna ser salanyňda, agzalan Jarnamada türkmen halky öz erk-islegini beýan edip we öz ykbaly üçin jogapkärçilikden ugur alyp hem-de halklaryň öz ykbalyny özleriniň kesgitlemek hukugyny durmuşa geçirmäge çalşyp, Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygyny jar etdi. Garaşsyz türkmen döwletiniň emele gelmeginde esas goýujy wajyplyga eýe bolan bu hukuk namasy soňra, 1991-nji ýylda «Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi üçin zerur bolan syýasy-hukuk şertleri döretdi. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda bu taryhy hukuk namalarynyň tutuş mazmunyny özünde jemlän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi bolsa Garaşsyz döwletiň emele gelmeginiň hem-de berkarar bolmagynyň hukuk binýady boldy. Şeýlelikde, döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýän konstitusion gurluş emele geldi.
Konstitusion gurluş — bu jemgyýetiň we döwletiň Konstitusiýada berkidilen hem-de durmuşda hereket edýän ýörelgeleridir. Türkmenistanyň konstitusion gurluşyna mahsus özboluşlyklaryň hatarynda milli demokratik ýörelgäniň beýany bolan Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýy mynasyp orun tutýar. Çünki Halk Maslahatynyň işiniň mazmunynda — halk häkimiýetliligi, ýagny döwlet özygtyýarlylygynyň halkyň özygtyýarlylygyna esaslanmagy, döwletiň halk döwleti bolmagy, döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk çeşmesiniň halk bolmagy, döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamynyň deňagramly, sazlaşykly, utgaşykly işlemegi, adamyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde görülmegi, döwletiň syýasy gurluşynyň demokratiýa esaslanmagy ýaly ýörelgeler aýdyň şöhlelenýär.
Kadyr ATDAÝEW,
Ahal welaýatynyň Sarahs etrap kazyýetiniň kazyýet kätibi.