
Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam, onuň saglygy, ömri barada edilýän aladalar ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, her ýylyň altyn güýzüniň ilkinji aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň mazmuny hem ynsan saglygyny goramakdan, il-günüň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden gözbaş alýar.
Dogana-dosta uzaýan ak ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň, kadaly hereketi üpjün edýän ýolyşyklaryň hem-de beýleki degişli ýol belgileriniň bolmagy sürüjilere, pyýadalara amatly şertleri döredýär. Giň ýollarymyzdaky döwrebap ýol belgileridir ýol çyzgylary hereket howpsuzlygynyň möhüm şertleriniň biridir. Şular bilen baglylykda, häzirki wagtda degişli düzümler bilen bilelikde edara-kärhanalarda yzygiderli düşündiriş, wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.
Mekdep okuwçylarynyň hem-de ýaşlaryň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek ugrunda geçirilýän aň-bilim we düşündiriş çäreleriniň barşynda çagalara mekdebe gelenlerinde hem-de mekdepden gaýdanlarynda ýoldan geçmegiň düzgünleri, olaryň borçlary jikme-jik öwredilýär, ýol hereket howpsuzlygynyň kadalary, pyýadalar üçin niýetlenen ýerler, ýanýodalar, ýerasty geçelgeler, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünleri barada täsirli gürrüňler berilýär, şertli hereketlerdir belgileriň üsti bilen olaryň bu ugurdaky düşünjeleri baýlaşdyrylýar.
Ýurdumyzda her ýyl «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygaryň astynda biraýlyk çäreleriniň geçirilmegi raýatlarymyzyň jan saglygyny gorap saklamakda, jemgyýetçilik aňyny ýokarlandyrmakda, ömrümiziň howpsuzlygyny gazanmakda, döwletimiziň abadanlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýollarymyzyň asuda, abadan, parahat bolmagy üçin bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Maksad BOÝAZOW,
Şabat etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň instruktor-usulyýetçisi.