Adamzat jemgyýetiň tebigat bilen özara gatnaşygynyň häsiýetini üýtgetmek bilen bütin taryhyň dowamynda daşky gurşawa täsir etmekde öz ukybyny ösdüripdir we kämilleşdiripdir. Tebigat bilen bagly meseleler häzirki wagtda ählumumy gün tertibinde saklanylýar.
Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlar maslahatynyň (COY19) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň (COP29) 29-njy mejlisiniň öňüsyrasynda türkmen diplomatiýasynyň ýokary mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlar maslahatynyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň hatarynda maňa hem bu möhüm foruma gatnaşmak bagty miýesser etdi.
Bakuda geçiriljek (COY19) Ýaşlar maslahatynyň öňüsyrasynda geçirilen Milli maslahatyň esasy wezipeleri Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň häzirki ýagdaýyny we ýurdumyzyň goşulyşan beýleki halkara ylalaşyklary barada maglumat almakdan hem-de onuň Türkmenistana we tutuş dünýä ýetirýän täsirini öwrenmekden, howanyň üýtgemeginiň dürli ugurlaryna bagyşlanan bilim sessiýalarynyň geçirilmeginden ybaratdyr. Şeýle-de maslahat zehinli ýaşlary bir ýere jemlemek bilen, olara daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça pikir alyşmaga we howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge ýaşlaryň gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berdi.
Ekologik meseläniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigini turuwbaşdan bellemek gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady we durmuş ulgamyndaky ähli giň gerimli özgertmeler maksatnamalary bu mesele bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ekologiýa we tebigaty goramak babatdaky talaplaryň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzda iri düzümleýin we şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hem esasy şerti bolup durýar. Bu babatda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gurlan täze «akylly» şäheri — Arkadag şäherini mysal getirmek bolar.
Şu gezekki forumda şular dogrusynda giňişleýin pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem forumyň dowamynda Howanyň üýtgemegi babatynda halkara hukuk gurallarynyň ulanylyşy, Howanyň üýtgemegine garşy göreşde IT tehnologiýalarynyň orny, Howanyň üýtgemegi bilen baglylykda Aral deňziniň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, oba hojalygynda suw gorlaryndan tygşytly peýdalanmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýany tygşytly peýdalanmak boýunça jemgyýetçilik maglumat Strategiýasyny işläp düzmek, howanyň hili we azon gatlagynyň goragyny durnukly saklamak, şeýle hem howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde bilim ulgamynyň tutýan orny barada pikir alşyldy. Garalan mowzuklar boýunça ýaşlaryň öňe süren teklipleri seljerilip, olary Türkmenistanyň Ýaşlarynyň Beýannamasyna goşmak meselesine seredildi. Şeýlelikde, bu forum biz – ýaşlaryň arasynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak bilen bagly düşünjeliligimizi ýokarlandyrmakda, täzeçil pikirlerimizi durmuşa geçirmäge ýardam etmekde ähmiýetlidir.
Aýşat ALLABERDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň talyby.