Žurnalistiň sahypasy

Milletini beýgelden beýik söz ussady

17-09-2024 / 35

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy has-da belentde tutulýar. Şahyryň dünýä ýaň salan filosofik pikirlere ýugrulan şygyrlaryna döredilen ajaýyp aýdymlar bagşy-sazandalarymyzyň eserlerine siňip, nesilden-nesle geçip ýaşaýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Munuň özi eserleri dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik söz ussadynyň bahasyna ýetip bolmajak pähim-paýhas, döredijilik mirasyny öwrenmäge täze itergi berýär. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, onuň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň hataryna goşulmagy türkmeniň meşhur nusgawy şahyrynyň gymmatly mirasynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň güwäsidir.

Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, onuň şan-şöhratyny, halkara abraýyny artdyrmak, Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligini öwrenmek, dünýäde wagyz etmek maksadyndan ugur alyp, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň beýik şahyra bagyşlap ýazan goşgusy bilen adybir atlandyrylan şu ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýär. Bu şygaryň many-mazmuny ildeşlerimiziň watançylyk ruhuny belende götermekden, ýaşlaryň mynasyp terbiýelenmegine ýardam etmekden, halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmakdan ybaratdyr.

Beýik söz ussadynyň döredijiligindäki watançylyk, gahrymançylyk, ynsanperwerlik, merdi-merdanalyk, gylyk-häsiýet, ýokary ahlaklylyk, yşky-liriki we beýleki ugurlardaky eserler türkmen jemgyýetine, halkyna mahsus sypatlardyr. Beýik şahyryň döreden eserleri bolsa, türkmen milletiniň şygryýete öwrülen, dünýä halklaryna nusgalyk ajaýyp keşbidir.

Bu gün Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragyny dünýä tanaýar, onuň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuny dünýä jemgyýetçiligi toýlaýar. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyryna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň maksady beýik söz ussadynyň şan-şöhratyny belende götermekden, dünýä jemgyýetçiligini Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen has giňden tanyşdyrmakdan, onuň zehininiň çuňlugyny düşündirmekden, ynsanperwer hyzmatdaşlygy, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara düşünişmegi pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Munuň özi dünýäde parahatçylyk medeniýetini we ynanyşmagy dabaralandyrmagyň möhüm şertidir.

Firuza DOSÇANOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu