
Türkmen halky her ýylda Garaşsyzlyk baýramyny uly dabara bilen belläp geçýär. Garaşsyzlyk — bu biziň halkymyzyň abadan, asuda durmuşda ýaşamagynyň esasy kepilidir. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllygyny ýurdumyzyň ähli pudaklarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz zähmet üstünlikleri bilen garşylaýarlar.
Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda halk paýhasynyň çuňluklaryna ýüzlenip, türkmenleriň arzuwlap gelen özbaşdak döwletli bolmak baradaky maksatlarynyň many-mazmunyny ussatlyk bilen beýan edýär. Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bütin döwletlilik ýörelgeleriniň gös-göni ata-babalarymyzyň köp müňýyllyk kämil tejribelerine, şolar bilen ýaşaýan iliň isleg-arzuwlaryna daýanýandygyny parasatlylyk bilen belläp geçýär. Milli Liderimiziň: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan — bu döwlet biziň halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdaklyk baradaky telim asyrlyk arzuw-maksatlaryndan bina bolandyr» diýen buýsançly sözleri halk bilen döwletiň arasyndaky mizemez baglanyşygyň köklerini açyp görkezýär.
Adatça bolşy ýaly, halkymyz Garaşsyzlyk baýramyny — ýurdumyzyň baş toýuny hakyky türkmen myhmansöýerligi bilen uludan tutar. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 33 ýyllygyna görülýän taýýarlyk, döwlet berkararlygynyň şanly toýuny mynasyp garşylamak baradaky meseleler döwlet derejesinde öňden bäri ara alnyp maslahatlaşylyp gelinýär. Türkmen halky üçin bu şanly senäniň ähmiýeti ymgyr uly, onuň köpmüňýyllyk taryhy XXI asyrda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar boýunça ýetilen belent sepgitler bilen dabaralanýar. Şonuň üçin türkmenistanlylaryň ählisi — ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşlysyna çenli ýetip gelýän baýramçylygy mynasyp garşylamagy maksat edindi.
Halkymyz bu günki gün mukaddes türkmen topragynyň, onuň daglarynyň, düzleriniň, deňizdir derýalarynyň hakyky eýeleridir. Bu topragy gülletmegi, ösdürmegi, bagtyýar durmuşy, ösen ýaşaýşy üpjün etmegi beýik Watanymyzyň, ata-babalarymyzyň, geljekki nesilleriň öňündäki mukaddes borjy hasaplaýan halkymyz ýene bir hakykaty ykrar edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berkarar eden bagtyýarlyk döwründe ömür sürmek, beýik işleri bitirmek, kämil nesilleri ýetişdirmek, dünýä ýüzüne buýsanç hem ýagşy niýet bilen bakmak ykbalyň peşgeşidir, türkmen halkyna ylahydan berlen mukaddes paýdyr.
Merjen HAÝTGULYÝEWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.