
Il bähbitli işe girişmezden, uly toýlara başlamazdan öňinçä geňeşmek, maslahatlaşmak — türkmeniň milli ýörelgesi. Bu ýörelge öz gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýar. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýýän türkmen halkynyň durmuşynda has möhüm, derwaýys meseleler döwrüniň parasatly gojalarydyr il ogullarynyň ýygnanyşygyna goýlupdyr. «Döwlet işleri geňeşli alnyp barylýan, her bir üstünligine buýsanyp bilýän ilde agzybirlik, asudalyk, jebislik, parahatçylyk, adalatlylyk, abadançylyk höküm sürýär» diýen ajaýyp düşünjä eýerilipdir.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda iňňän möhüm orny eýeleýär. Türkmen jemgyýetiniň hakyky demokratik ýörelgelerini berkarar etmek boýunça Halk Maslahatynyň işi örän wajypdyr. Ol ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine wepalydygymyzyň nyşany bolup, halkymyzyň ýurdy dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň ygtyýarly wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün edýär. Şeýle hem jemgyýetiň agzybirligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylýan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek ýaly il-ýurt bähbitli wezipeleriň halkyň bähbidine çözülmegini gazanýar. Milletiň asyrlaryň dowamynda döreden demokratik däpleri döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerine, saýlanyp alnan döredijilik ýoluna ygrarlydygyny şöhlelendirmek bilen mynasyp dowam etdirilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň halkyň agzybirligi baradaky paýhasly pikirleriniň durmuşda anyk beýanyny tapmagy babatda-da Halk Maslahatynyň möhüm orny bardyr. Ata-baba berk ýöredilip gelinýän, millet bolup ýaşamagyň esasy sütüni, üýtgewsiz düşünjesi hasaplanýan agzybirlik nesilbaşymyz Oguz hanyň, beýik Magtymgulynyň, taryhda yz goýan görnükli türkmen akyldarlarynyň, şahsyýetleriniň müňýyllyklaryň dowamynda ündäp gelen ýoludyr. Gahryman Arkadagymyz bu beýik ýoly dowam etdirmekde Halk Maslahatynyň mümkinçiliklerine uly orun berýär. Bu foruma ähli welaýatlardan, etrap-şäherlerden wekiller gatnaşýarlar. Dürli ýaşdaky, dürli kärdäki adamlaryň bir ýere ýygnanyp, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň döwletiň ösüş ýollary, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde göz öňünde tutulýan belent maksatlar hakyndaky pikir-garaýyşlaryny diňlemegi, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ugur-ýollaryna içgin göz ýetirmekleri, ýurdumyzyň ýyl ýazgysynda görnükli orun alýan tutumly işler bilen ýakyndan tanyşmaklary adamlaryň ruhy taýdan jebisleşmegine, millet derejesinde türkmeniň at-abraýynyň dünýäde belende galmagynda agzybirligiň, jebisligiň ähmiýetine has çuňňur düşünmegine ýardam berýär.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ata-babalarymyzdan miras galan milli durmuş ýörelgelerini ýaşaýşyň ruhy tugy derejesinde kalbynda göterip, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işlere goşant goşmakda tutanýerli zähmet çekýän, önümçilikde görelde görkezýän, döredijilikde halkyň ruhuny galkyndyrýan, dünýäniň öňdebaryjy ylmy-tehnologik gazananlaryny üstünlikli özleşdirýän, öz durmuşyny toý-baýramlar bilen bezemegi başarýan halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini täze taryhymyzyň şöhratly ösüş ýolunyň ýene bir altyn sahypasyna öwürmek üçin döwrümizi beýik zähmet ýeňişlerine besleýär.
Gözel HAÝYTNAZAROWA,
Çärjew etrabyndaky 64-nji mekdebiň matematika mugallymy.