Žurnalistiň sahypasy

Ýollar asuda — nesiller bagtyýar

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

16-09-2024 / 35

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem baý many-mazmunly çärelere beslenýär. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň häzirki günlerinde eziz Diýarymyzyň ähli ýerinde giň gerim alan köçe-ýol hereketi bilen baglanyşykly düşündiriş işleri, maslahatlardyr duşuşyklar, bäsleşikler hem şaýatlyk edýär.

Ýol hereketiniň düzgünlerini herekete gatnaşyjylaryň ählisi — pyýadalar-da, sürüjiler-de berk berjaý etmelidir. Herekete gatnaşyjylaryň aglabasy pyýadalardyr. Olaryň käbiri ýol hereketiniň düzgünlerini bilmän ýa-da bilip hem bilmezlige salyp, gadagan edilen ýerlerden geçýär, hereket edip barýan ulagyň öňüni kesýär, şonuň ýaly-da, awtobusdan düşende, köçeden geçmek kadalaryny dogry ýerine ýetirmän, ulagyň öň tarapyndan geçip, ýol-ulag hadysalarynyň döremegine sebäp bolýar. Şoňa görä-de, şu günler Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini yzygiderli geçirýärler. Şeýle çäreler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem geçirilýär. Bu çärelere ýaş nesiller ýokary işjeňlik bilen gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyz barada edýän bimöçber aladalarynyň netijesinde döwletimizde ýük hem-de ýeňil awtoulaglaryň sany barha köpelýär. Bu bolsa ýol hereketiniň howpsuzlygyna ünsüň güýçlendirilmegini talap edýär. Şonuň üçin ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünlerine berk eýermek möhüm bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, ýollarymyzyň howpsuzlygy belent maksatlarymyza ýetmekde ygtybarly binýat, şonuň bilen birlikde-de, her birimiziň ömrümiziň rahatlygynyň kepilidir. Ýollarymyzyň asuda, abadan, parahat bolmagy üçin bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Senemgül ALLAKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu