Žurnalistiň sahypasy

Garaşsyzlyk ýyllarynyň ykdysady ösüşleri

16-09-2024 / 36

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiziň ähli ulgamlarynda amala aşyrylan ägirt uly işler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Ykdysady özgertmeleriň geçirilmegi, öňi bilen, ykdysadyýetiň pudaklarynyň işini täzeçe, döwrüň talabyna laýyklykda guramaga we ony dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi esasynda kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetiň özboluşly nusgasynyň kemala gelmegine mümkinçilik berdi. Taryh üçin uzak bolmadyk 33 ýyl gazanylan üstünlikleriň ähmiýeti boýunça asyrlara barabar döwür boldy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda öz ägirt uly baýlyklaryny rejeli peýdalanmak bilen, Türkmenistan okgunly ösýän ýurtlaryň biri hökmünde tanaldy. Täze önümçilikler döredildi, olaryň öndürýän önümleri bolsa dünýä bazarlarynda mynasyp orun eýeleýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, bazar-institusional özgertmeleri mundan beýläk-de ilerletmek, durmuş ulgamynyň durnuklylygyny saklap galmak we ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak bolup durýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, eksportyň möçberini artdyrmak, importyň düzümini kämilleşdirmek, tebigy serişdeleri rejeli we toplumlaýyn peýdalanmak, täze iş ýerlerini döretmek, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli çäreler geçirilýär. Bularyň ählisi milli ykdysadyýetiň pudaklarynda ýokary depginli ösüşi saklamaga mümkinçilik berýär.

Şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede baýram edilýär. Halkyň asuda, bagtly durmuşyny arzuwlan beýik şahyryň pähim-parasatdan püre-pür bolan ajaýyp şygyrlary diňe bir türkmen halky üçin däl, bütin adamzat üçin hem mynasyp ýol-ýörelge boldy. Şahyr agzybirlik, birleşmek, milli döwlet gurmak baradaky pikirlerini amala aşyrmaga girişende, taýpadaşlarynyň arasynda agzybirligi döredip bolsa, özgelere-de görelde bolar, agzybirligiň beren netijeleri beýleki türkmen taýpalaryny hem bu işe — milli döwlet gurmak işine çekmäge ýardam berer diýen pikirden ugur alypdyr. Şahyryň türkmen taýpalaryny birleşdirmek, özbaşdak döwlet gurmak baradaky ajaýyp pikirleri onuň «Türkmeniň» we «Türkmen binasy» atly goşgularynda has belent derejä çykýar. Akyldaryň beýik arzuwlarynyň hasyl bolşuny biz bu gün öz Garaşsyz ýurdumyzyň mysalynda görýäris.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna şan, şöhratyna şöhrat goşdy. Bu günki gün türkmen halky asyrlarboýy arzuwlap gelen zamanasynda — bagtyýarlykda, eşretli durmuşda ýaşaýar.  Pederlerimiziň yhlasynyň, arzuwlarynyň, amala aşyrylan ummasyz işleriň netijesinde, agzybir halkymyz Garaşsyz ýurduny — berkarar döwletini gurdy, milli baýlyklarynyň hak eýesi boldy. Biziň bu ajaýyp döwrümiz — Garaşsyzlyk eýýamymyz «Berkarar döwlet istärin» diýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan, «çoh garaşan» zamanasydyr. Bagtyýar türkmen halky indi «Pyragynyň arzuwlan zamany geldi!» diýýär.

Bezirgen ATAGYLYJOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu