
Türkmenistanyň ulag ulgamynda demir ýol pudagy esasy orunlaryň birini eýeleýär. Demir ýol döwlet, halk we oba hojalyk maksatly meseleleri ýaly möhüm ähmiýetlere eýedir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň täze belentliklere tarap ilerlemeginde halk hojalygynyň beýleki birnäçe pudaklarynda bolşy ýaly, ulag ulgamynda, şol sanda demir ýol pudagynda hem uly işler amala aşyrylýar. Birnäçe demir ýol şahalarynyň, ulag geçelgeleriniň gurluşyklarynyň tamamlanmagy bilen, häzirki döwürde-de birnäçe ýerlerde demir ýol gurluşygy alnyp barylýar we ykdysady maksatnama laýyklykda, ýakyn ýyllarda hem birnäçe demir ýol şahalarynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.
11-nji sentýabrda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylmagy,, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berilmegi möhüm taryhy waka boldy. Munuň özi türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany bolan täze infrastrukturadyr.
Transkontinental ýollaryň strategik çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan durnukly ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara üstaşyr ulag geçelgelerini, logistika merkezlerini döretmek, täze taryhy şertlerde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça başlangyçlary muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ugurdaş infrastrukturany toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär, bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär. Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde täze köpriniň gurulmagy bu ugurda nobatdaky ädimdir. Köpri türkmen hünärmenleri tarapyndan ýokary halkara standartlara laýyklykda guruldy. Onuň gurluşygynda öňdebaryjy konstruktorçylyk we tehnologik çözgütler ulanyldy. Bu desganyň işe girizilmegi iki dostlukly ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygy, sebitdäki ulag infrastrukturasyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Ulag ulgamy milli, sebit we dünýä ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolmak bilen, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönüden-göni täsir edýär. Bu taslamalar türkmen-owgan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýlägem has-da pugtalandyrar.
Şyhmyrat GURBANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Inženertehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýollaryň hereket edýän düzümi hünärininiň 5-nji ýyl talyby.