Žurnalistiň sahypasy

Garaşsyzlyk — bagt wysaly

16-09-2024 / 138

Gülläp ösýän ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar şatlykly hem bagtly pursatlar bolup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy uludan toýlanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzy bezäp-besleýär. Nesibe baýlygyna gol beren halkymyzyň altyn ykbalyna bagt paýyny eçilen Garaşsyzlygyň hil taýdan täze tapgyrynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan beýik ýeňişler, uly üstünlikler ählimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrýar.

Türkmen «döwletlilik» sözüne aýratyn sarpa goýýar. Bu düşünje erkinligi, abadançylygy, rysgal-bereketliligi, maddy hem ruhy bagtyýarlygy öz içine alýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmeniň döwletliligi has-da artdy. Garaşsyzlyk halkymyzyň ruhy dünýäsini, dilini, medeniýetini, sungatyny milliligiň röwşen hem nurly ýoluna gönükdirdi.

Garaşsyzlyk — parahatsöýüjiligiň beýik nusgasy bolup, pederlerden dowam bolan sowulmajak täze eýýamy türkmen ykbalyna ýazan ömrümiziň sowulmajak bahary! Eýsem, dünýäde parahatçylyk ýoly bilen gadam basmakdan, deňi-taýy bolmadyk gözellikleri döredip, onda öz bagtyňy  şöhlelendirmekden, dünýäde beýik ynsanperwer ýörelgeler bilen tanalmakdan uly bagt barmy?!

Häzirki wagtda ynsan, onuň durmuşy, erkinligi, gadyr-gymmaty we adam hukuklary iň ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar edilip, Konstitusiýamyzda berkidildi. Adamyň durmuş gymmatlyklarynyň konstitusion ýörelge derejesine göterilmegi ýurdumyzda raýat jemgyýetiniň kämilligini görkezýär. Adama bolan şeýle ynsanperwer gatnaşyk, hukuk ulgamynyň barha kämilleşdirilmegi Garaşsyzlyk ýyllarynyň esasy alamatlarynyň biridir. Şeýlelikde, halk bilen Watanyň bähbitleriniň we islegleriniň birligi emele geldi.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň milli kanunçylygy hem yzygiderli kämilleşdirildi. Döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşynda ýaýbaňlanan demokratik özgertmeler milli kanunçylyk binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda her bir adamyň abadan we bagtyýar ýaşamagy üçin şertler döredildi, raýatlarymyzyň hukuklary we azatlyklary doly üpjün edilýär. Garaşsyzlyk ýurduň parahatçylygydyr, halkymyzyň eşretli zamanasynyň bagt wysalydyr. Garaşsyzlyga guwanmak – Watanyňa, bagtyňa guwanmakdyr. Goý, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gudraty bilen gazanýan ýeňişlerimiziň, ýetýän belent sepgitlerimiziň dowamy dowamat bolsun!

Aýlar KURBANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallym öwrenijisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu