Žurnalistiň sahypasy

Innowasiýalar we tehnologiýalar

16-09-2024 / 317

Bilşimiz ýaly, ýakynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem-de ugurdaş serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly halkara maslahat we sergi üstünlikli geçirildi. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekillerini, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny hem-de ýaş telekeçileri bir ýere jemlän forum tejribe alyşmak, täze hyzmatdaşlary tapmak, täze innowasion tehnologiýalardyr çözgütler bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy.

Häzirki wagtda bütin dünýäde innowasion tehnologiýalaryň, olaryň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrylyşynyň ösüş depgini örän ýokarlandy. Dürli ugurlarda ýüze çykýan meseleler täzeçil çemeleşmeleri, awtomatlaşdyrylan gurluşlary, kämil innowasiýalary talap edýär.

Paýtagtymyzda geçirilen, ýokary tehnologiýalara bagyşlanan forumda ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklary öz diwarlyklaryny, ylmy taslamalaryny görkezdi. Olarda ähli ugurlardaky belent ösüşlere ýaşlarymyzyň goşýan goşandy öz beýanyny tapýar. Türkmen talyplarynyň we ýaş alymlarynyň işläp düzen organomineral döküni öndürmegiň, pürli bezeg agaçlarynyň düzümindäki efir ýaglaryny parfýumeriýa senagatynda ulanmagyň döwrebap tehnologiýalarynda, «Eko-rakowina», «Sanly oba hojalyk» taslamalarynda, «Fitoçözgüt» ykjam goşundysynda hem-de «Akylly» işgär» robotynda oba hojalygyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalyk önümçiligini döwrebaplaşdyrmak hem-de işleri ulgamlaýyn alyp barmak boýunça häzirki zaman çözgütleri beýan edilýär.

Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 10-njy maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminamalar biziň öňümizde möhüm wezipeleri goýýar.  Milli ylym-bilim ulgamyny döwrebap ösdürmek, halkara ylmy hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda tutumly işleriň başynda duran döwlet Baştutanymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Näzgül BAKYÝEWA,
Gökdepe etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň informatika mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu