Žurnalistiň sahypasy

Ady dünýä dolan dana Pyragy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

15-09-2024 / 33

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemäge, olaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga, ýagşy bilen ýamany tapawutlandyryp, ýaşlarda ynsanyň gowy häsiýetlerine söýgi döretmäge itergi berýän nusgalyk şygyrlar eriş-argaçdyr. Hormatly Prezidentimiz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy» diýip belleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy nukdaýnazardan öwrenmäge, okyjylar köpçüligine ýetirmäge giň ýol açyldy. Muňa soňky gazanylanlar hökmünde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegini, hormatly Prezidentimiziň BMG­niň Baş Assambleýasynyň 78­-nji mejlisinde Magtymguly Pyragynyň goşgusyny okamagyny, Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda şahyryň döredijiliginiň ähmiýetini nygtamagyny, şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp ensiklopediýanyň taýýarlanylmagyny görkezmek bolar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň, «Magtymguly Pyragy» medalynyň bolmagy şahyryň adynyň ebedileşdirilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň ilerlemegidir. Häzirki wagtda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň geçirilmegi şahyra bagyşlanan eserleriň, ylmy işleriň artmagyna getirýär.

Magtymgulynyň şygyrlary dürli ýyllarda dünýäniň ençeme dillerine terjime edilip gelinýär. Magtymguly Pyragynyň adynyň ebedileşdirilişi bilen bagly maglumatlar has gyzyklylygy hem-de giň ýaýrawy bilen haýrana goýýar. Şahyryň çekilen suratlary, haly portretleri, heýkeltaraşlyk sungatyndaky keşbi, ady dakylan edara-kärhanalar, etraplar, obalar, muzeýler, seýilgähler, köçeler ýaly maglumatlar Magtymguly Pyragynyň adynyň ebedileşdirilişi babatynda beýik işleriň edilýändigini görkezýär.

Ynsanperwerligiň beýik waspçysy Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň — umumadamzat edebi-ruhy gymmatlygyna öwrülen döredijiliginiň Watan, il-halk, dost-doganlyk, parahat durmuş, ýagty geljek baradaky parasatly pikir-garaýyşlary, kämil ynsan, kämil jemgyýet baradaky öňe süren ideýalarynyň umumadamzat bähbidine gönükdirilen möhüm ugurlary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda özüniň mynasyp beýanyny tapýar.

Aýşat TOÝBAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu