
Her ýylyň güýz paslynyň ilkinji aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem baý many-mazmunly çärelere beslenýär.
Sentýabr aýynyň bütin dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde biraýlygyň ähmiýeti dogrusyndaky çykyşlara yzygiderli orun berilýär. Ýerlerde geçirilýän wagyz-nesihat çärelerine ýaşlara ýol hereketiniň düzgünlerini dogry berjaý etmek babatynda gymmatly maslahatlar berilýär. Biraýlygyň ýörite şygarynyň hem-de nyşanynyň astynda geçirilýän dabaralar dürli bäsleşikler, wagyz-nesihat we düşündiriş işleri, biraýlyga bagyşlanan kitapçalaryň taýýarlanylmagy ýaly çäreler bilen utgaşýar.
Esasy Kanunymyzda adalatly bellenilişi ýaly, Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Gürrüňi edilýän biraýlygyň esasy maksady hem onuň şygarynda jemlenýär. Çünki «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy».
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ak ýollarymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Ömürleriň rahatlygyny kepillendirýän ýol hereketiniň howpsuzlygy, ilkinji nobatda, özümiz üçin, galyberse-de nesillerimiz üçin iň esasy zerurlyklaryň biridir. Megerem, hut şonuň üçin «Ýol abat — il abat» diýlen bolsa gerek.
Žahan MIRABOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby.