Žurnalistiň sahypasy

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri — geljegiň energiýasy

13-09-2024 / 114

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynyň işjeň agzasy hökmünde, energetika boýunça hyzmatdaşlygy dünýä derejesinde ösdürmäge öz mynasyp goşandyny goşýar. Bu ugurda döwrüň derwaýys meselelerine degişli möhüm halkara başlangyçlaryny yzygiderli öňe sürýär. Bitarap döwletimiz energetika boýunça ikitarapalaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tarapdarydyr.

Şoňa görä-de, Türkmenistan dürli derejelerde, aýratyn-da, halkara guramalarynyň çäklerinde adamzadyň ösüşi üçin uly ähmiýeti bolan bu meseleleri oňyn çözmäge işjeň gatnaşýar. Giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen, ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça zerur işleri alyp barýar. Dünýäniň energetika gorlary bütin adamzadyň baýlygydyr. Häzirki döwürde bu serişdeler diňe bir ýangyç bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hojalyk gatnaşyklaryny ynamly ösdürmäge hem mümkinçilik berýär. Durnukly ösüşiň, adamlaryň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, olaryň medeni ösüşe goşulmagynyň kepili bolup durýar.

Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň yzygiderli ösüşi energetika pudagynyň durnukly bolmagyna baglydyr. Bu bolsa şol pudakda döwletleriň alyp barýan işlerinde täsirli, halkara hukugynyň ýörelgeleri esasynda berkidilen usullaryň möhümdigini aňladýar. Energetika babatda ähliumumy özara gatnaşyklary düzgünleşdirilen berk, üýtgewsiz, ähli ugurlary öz içine alýan ýörelgeleriň emele getirilmeginiň zerurdygyny görkezýär. Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösdürilmegine we elektrik energetikasy pudagyna energiýa tygşytlaýjy häzirkizaman tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berer, bu bolsa parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaldyp we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak, şäheriň durnukly ösüşini we hojalyk galyndylaryny dolandyrmak, şeýle hem biodürliligi gorap saklamak we klimat boýunça ýurduň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça tagallaryna ýardam berer.

Dünýäde durnukly gurşawa we global ýylylyga bolan duýgurlyk artýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň gazylyp alynýan adaty energiýa çeşmeleriniň ornuny tutjakdygy çaklanylýar. Birnäçe ýyllyk tehnologik ösüşden, maýa goýumlardan we howa şertleriniň üýtgemegi boýunça borçnamalardan soň global energiýa sarp edilişiň 85%-i henizem ýangyçdan gelýär. Bu görkeziji energiýa almak üçin henizem gazylyp alynýan ýangyçlara bolan talabyň bardygyny görkezýär.  Gazylyp alynýan ýangyçlardan gaýtadan dikeldilýän energiýa geçmek diňe bir gymmat bolman, eýsem, ykdysady özgerlişikleri talap edýär.

Häzirki wagtda gazylyp alynýan çeşmelerden alnan nebit we ýangyjyň esasy alternatiw ýangyçlary bioýangyç we bioetanoldyr. Dizel hereketlendirijisini oýlap tapyjy we adyny göterýän Rudolf Dizel, 1893-nji ýylda nohut ýagy bilen aldy we 1900-nji ýylda bütindünýä Praiz ýarmarkasynda «bio» ýangyjyny ulanyp işleýän ýeke silindrli dizel hereketlendirijisini görkezdi. Alternatiw energiýa çeşmeleri 1973-nji ýyldaky nebit krizisine çenli kän bir üns çekmedi. 2000 — 2016-njy ýyllar aralygynda global bioýangyç önümçiligi 40 esse ýokarlandy. Bioýangyç köplenç zawodlardan, restoranlardan, oba hojalygynda ösdürilip ýetişdirilýän: kanola, günebakar, mekgejöwen, soýa ýaly ösümligiň ýaglaryndan we açyk ýa-da ýapyk ulgamda ösdürilen mikrosuwotylardan alynýar.

Gülbahar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň Mikrobiologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu