
Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri möhüm meseleleri bilelikde, şöhratly ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däbine daýanyp ara alyp maslahatlaşypdyr we çözüpdir. Häzirki döwürde bu asylly däpler Halk Maslahatynyň işinde öz beýanyny tapýar. Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasydyr.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde, Maslahat köşgünde geçiriler. Ony ýokary derejede geçirmek maksady bilen, guramaçylyk komiteti döredildi. Häzirki wagtda ol degişli toplumlaýyn işleri amala aşyrýar.
Öňümizdäki umumymilli forum, gürrüňsiz, ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli waka öwrüler. Oňa taýýarlyk görmek işleri hemişe giň jemgyýetçiligiň üns merkezinde durýar. Munuň özi Diýarymyzda demokratik özgertmeleriň barha dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlüp, hormatly Prezidentimiziň syýasy strategiýasynda üstünlikli dowam etdirilýän asylly başlangyçlar esasynda hakyky halk häkimiýetliliginiň binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Munuň özi her bir raýatyň, jemgyýetiň Watanymyzyň ykbaly we geljegi baradaky jogapkärçiligini artdyrmaga ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiziň döwleti dolandyrmak ulgamyny hukuk taýdan kämilleşdirmek hem-de jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary Watanymyzyň okgunly ösmegine ýardam berýär. Häzirki wagtda Türkmenistan şan-şöhrata beslenen işleri dowam etdirmek bilen, ösüşiň täze, belent sepgitlerine çykýar. Geljekde tagallalary birleşdirip, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin ähli ugurlarda tutanýerli zähmet çekmelidiris. Hut şunda Halk Maslahatyna uly orun degişlidir.
Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisinde geçen döwürde alnyp barlan işleriň jemi jemlener, ýakyn we uzak möhletli geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitleniler, olary çözmegiň ýollary babatda tekliplere garalar. Häzirki wagtda ýurdumyzda umumymilli forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär.
Parahat BAÝRAMBERDIÝEW,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň matematika mugallymy.



