
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny ösdürmäge, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň tassyklan Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýanyň» kabul edilmegi hem bu babatda uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.
Bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edilen bu resminama 8 bapdan ybarat bolup, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň maksatlaryny, wezipelerini, esasy ugurlaryny kesgitleýär. Şeýle-de pedagogik işgärleri taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegä ünsi güýçlendirmäge esas berýär.
Ýeri gelende bellesek, Konsepiýanyň IV babynda degişli bilim basgançaklary bilen bir hatarda başlangyç bilim maksatnamasy boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek meselesine hem üns çekilýär. Bu babatda başlangyç bilim maksatnamasy boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek wezipesi milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygy, çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, bilim ulgamynyň başlangyç bilim derejesinde okuw-terbiýeçilik işinde kompetentlik çemeleşmesinden ugur almagyň möhümligi, umumybilim maksatnamasynyň bu derejesinde okuwçylarda kemala getirilýän başarnyklar, olaryň geljekki derejelerde üstünlikli okamaklarynyň, olarda täze bilim başarnyklarynyň kemala gelmeginiň we ösdürilmeginiň, olaryň sazlaşykly ösen şahsyýetler bolup ýetişmekleriniň berk binýadyň goýulýandygy bellenilýär.
Şeýlelikde, Konsepsiýa laýyklykda, okatmagyň kompetentlik çemeleşmesi pedagoglaryň öňünde bilim-terbiýe bermek işinde netijeli usullaryň toplumyny döredijilikli we giň gerimde peýdalanmaga ýol açýar. Şu maksat bilen, başlangyç synplarda okuwçylara bilim we terbiýe bermek işiniň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça usuly gollanmalar, okuwçylaryň ýaş-psihologik we fiziologik aýratynlyklary nazarda tutulyp, innowasion okuw kitaplaryny taýýarlamak işleri dowam etdiriler.
Okuwçylaryň mekdebiň bosagasyndan ätlän ilkinji gününiň sapaklaryndan başlap, bilim-terbiýe berlende okuwça aýratynlykda çemeleşmek usulyny ulanmak onuň hereket (motorik), intellektual, duýgy we durmuş (sosial) mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmegi we bu ýagdaýa laýyk gelýän serişdeler bilen ýardam berilýär. Bu usulyň dogry ulanylmagy üçin umumybilim maksatnamalarynyň başlangyç bilim derejesinde şahsyýete gönükdirilen, belli bir okuw dersine gönükdirilen, maglumat, okuwçylaryň bilim derejelerini bahalandyrmak, interaktiw, tankydy pikirlenmek, türgenleşik geçirmek we beýleki innowasion pedagogik tehnologiýalarynyň işjeň ulanylmagyna giň mümkinçilikler açylar we zerur şertler dörediler.
Umumybilim maksatnamalarynyň başlangyç bilim derejesinde okuwlaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda ähmiýete eýe bolan sanly ulgamyň ulanylmagyna okatmagyň usulyýetinde aýratyn orun berler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesliň düýpli we döwrebap bilim almagy, kämil terbiýelenmegi, pedagogik işgärleriň hünär taýdan kämilleşmegi ugrunda şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Bägül BAÝOWA,
Aşgabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň mugallymy.



