Žurnalistiň sahypasy

Garaşsyzlyk — bagtyýarlyk gözbaşy

13-09-2024 / 108

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna şan, şöhratyna şöhrat goşdy. Bu günki gün türkmen halky asyrlarboýy arzuwlap gelen zamanasynda — bagtyýarlykda, eşretli durmuşda ýaşaýar.  Pederlerimiziň yhlasynyň, arzuwlarynyň, amala aşyrylan ummasyz işleriň netijesinde, agzybir halkymyz Garaşsyz ýurduny — berkarar döwletini gurdy, milli baýlyklarynyň hak eýesi boldy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň içinde Garaşsyz Watanymyzyň medeniýetde, sungatda uly üstünlikler gazanmagy döwletimiziň gün-günden artýan halkara abraýyny has hem ýokary göterýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda täze teatrlaryň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, medeniýet öýleriniň we merkezleriniň onlarçasy halkyň hyzmatyna hödürlendi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň medeniýet ulgamynda alyp barýan syýasatynyň üstünligi diňe san möçberinde däl-de, eýsem, jemgyýetiň sungata bolan gyzyklanmasynyň artmagynda, döredijilik başlangyjynda öz beýanyny tapýar.

Döwlet Baştutanymyzyň milli däplerimizi aýawly saklamaga ägirt uly ähmiýet bermegi netijesinde jemgyýeti ösdürmegiň maksatlaryny gazanmak üçin täze pikirleri we taslamalary medeniýet ulgamyna çekmek göz öňünde tutulýar. Şu ugurda möhüm meselelere we wezipelere düýpli çemeleşýän hormatly Prezidentimiz döredijilik gözleginiň, medeniýet, teatr we kino işgärleriniň, ýazyjylaryň, žurnalistleriň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeni merkezleriň işgärleriniň işinde özboluşly çözgütleriň zerurdygyny belleýär. Olar jemgyýetiň ruhy durmuşyny kemala getirmekde ähmiýetli orny eýeleýär.

Taryh üçin gaty bir uzak döwür bolmadyk 33 ýylyň içinde bu mizemez bagtyny — mukaddes Garaşsyzlygyny has-da berkitdi. Biziň bu ajaýyp döwrümiz — Garaşsyzlyk eýýamymyz «Berkarar döwlet istärin» diýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan, «çoh garaşan» zamanasydyr. Bagtyýar türkmen halky indi «Pyragynyň arzuwlan zamany geldi!» diýýär.

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen bina edilen we açylyp, ulanylmaga berlen döwrebap obalary, şäherçeleri, olarda gurlan dürli maksatly binalary göreniňde, köçeleri, ýanýodalary bezeýän hatara düzülen baglary synlanyňda kalbyň joşa gelip, ýüregiň «Garaşsyzlyk — bu bir bagtyň çüwmesi!», «Garaşsyzlyk — bagtyýarlyk gözbaşy, berkararlyk binasy» diýip buýsançly seslenýär.

Aýşat ALLABERDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu