
Bütin dünýä ady dolan Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda toplanan medeni mirasyň merjenidir. Şahyryň türkmen halkynyň durmuş pelsepesine öwrülen ajaýyp şygyrlary, öňe süren taglymatlary, öwüt-ündewleri we ýörelgeleri bu gün millionlarça adamlaryň ýüregine hem-de duýgularyna örän oňaýly täsir edip, özboluşly durmuş şygaryna öwrüldi.
Şahyryň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Geljek ýylda bolsa Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede dabaraly belleniler. Beýik şahyryň many-mazmundan ýüki ýetik döredijiliginde durmuşyň dürli ugurlaryna, ähli taraplaryna degişli meseleler bilen birlikde türkmen zenanynyň çeper keşbine hem uly baha berilýär. Gyz-gelin sarpasy, türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan asyllylyk, agraslyk, mylakatlylyk, alçaklyk ýaly gylyk-häsiýetler baradaky meseleler hem siňňitli yzarlanýar.
Şahyr «Duz hem bolmasa» şygrynda şeýle belleýär:
Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,
Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa.
Beýik söz ussady olaryň belent adamkärçilik mertebesini, akyl-huşuny, pähim-paýhasyny, uly sungat bolan el hünärlerini hem wasp edipdir. Şahyryň döredijiliginde zenanlaryň gadyr-gymmaty, maşgaladaky hyzmaty, wepalylygy nusgalyk derejede beýan edilýär.
Akyldar şahyryň şygyrlarynda türkmen gelin-gyzlarynyň milli egin-eşikleri, şaý-sepleri, zenanlaryň el hünärleri, türkmen halkyna mahsus bolan milli däp-dessurlary çeper beýan edilýär. Bu bolsa türkmen halkynyň medeni gymmatlyklaryny öwrenmeklige, olaryň milli däplerine düşünmeklige esas berýär. Şonuň üçin şahyryň döredijiligi türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny öwrenmekde uly gollanma bolup hyzmat edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir türkmen maşgalada gyz-gelinleriň, eneleriň sarpasy beýik tutulýar. Türkmen zenanlaryna döwlet derejesinde uly hormat goýulmagy, sekiz we ondan köp çagany dünýä indirip, kemala getiren zenanlara «Ene mähri» diýen hormatly atlaryň berilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr. Tamamlanyp barýan 2023-nji ýylda Halkara zenanlar güni mynasybetli mährem eneleriň 300-e golaýyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly atlar gowşuryldy. Köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň berilmegi bolsa türkmen halkynyň ebedi dessuryndan söhbet açyp, göwünleri rahatlandyrýar.
Tylla TAGANÝAZOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.