Žurnalistiň sahypasy

Döwrümiziň we döwletimiziň şan-şöhraty

12-09-2024 / 34

Dünýä çykmak, dünýä bähbitli beýik işlere dahylly bolmak uly bagt. Halkara we dünýä derejesindäki oňyn başlangyçlara öz şahsy goşandyny goşmak her ýurduň, berkarar döwletiň arzuwydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz şu jähetden Hak tarapyn ýalkanan ýurtdur. Oňyn daşary syýasaty arkaly umumadamzat bähbidini nazarlaýan ata Watanymyz öz behişdi goýnundan dünýä sary dost-doganlyk goluny, dostana ýoluny uzadýar. Bu sözlerimiziň aýdyň delilnamasy Garaşsyzlyk ýyllarynda bolup geçen işleriň mazmunynda hem görünýär.

GARAŞSYZLYK – döwlet hökmünde ykrar edilmekdir.

GARAŞSYZLYK – ata-babalarymyzyň, merdana pederlermiziň asyrlarboýy eden arzuwlarynyň wysal bolup, bütin Ýer ýüzüne dabaralanmasydyr.

GARAŞSYZLYK – geçmişde 70-den-de gowrak uly-uly döwletleri döretmegi başaran türkmen halkynyň milli buýsanja beslenen synmaz ruhunyň dünýä çykmagydyr.

GARAŞSYZLYK – döwrümiziň we döwletimiziň şan-şöhratydyr.

Garaşsyzlyk – türkmeniň nurly daňy, gülüp dogan bagt kuýaşy. Şol nurly daň 33 ýyldan bäri il-günüň kalbyna, ýoluna, ykbalyna nur çaýyp gelýär. Bu ýyllaryň içinde  türkmen milleti ata-babalaryndan geçen kämil paýhasy, milli edim-gylymlary bilen şöhratlandy.

Garaşsyzlyk — türkmen ykdysady gudratyny gysga wagtyň içinde dünýä ýaýmaga, sanly ykdysadyýeti — ýurdumyzda sanly giňişligi döretmäge we milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmaga itergi beren güýç. Sebäbi dünýä bilermenleri tarapyndan esasy ara alnyp maslahatlaşylýan sanly ulgamyň giň müminçiliklerini ýurdumyzda ornaşdyrmak diňe özbaşdaklygymyzy almagymyz bilen mümkin boldy. Bu babatdaky möhüm ädimler bolsa, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysadyýetimizi ýokary hilli iň kämil innowasiýalar bilen üpjün etmek boýunça beren tabşyryklary we sanly ykdysadyýeti ösdürmegi strategik ähmiýete çykarmagy bilen ädildi. Munuň şeýledigine 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» gol çekmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Garaşsyzlyk we milli ykdysadyýet — ähli babatda gazanylýan ösüşleriň gözbaşy. Döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, özbaşdak ösüş ýoluny saýlap alan Türkmenistan milli ykdysadyýeti ösdürmek arkaly häzirki maglumatlar jemgyýetinde ählitaraplaýyn ösýän, özgerýän ýurt hökmünde ykrar edilýär. Bularyň ählisiniň gözbaşynda bolsa hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi ösdürmek babatda öňe sürýän döwletli başlangyçlary dur.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli senesi — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy bilen hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!

Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu