Žurnalistiň sahypasy

Türkmen elektrik energiýasynyň eksport ugurlary giňelýär

12-09-2024 / 49

Mälim bolşy ýaly, 11-nji sentýabrda täze döwrümiziň ýyl ýazgysynda täze, möhüm sahypa açyldy. Şol gün Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän “Nur-el-Jahad” elektrik bekedini işe girizmek dabaralary geçirildi.

Ýurdumyz halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärçilikli, öňdengörüjilikli çemeleşmek bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen umumy tagallalara işjeň gatnaşýar. Şunda energetika howpsuzlygynyň döwrebap ulgamynyň döredilmegi aýrylmaz şert bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy bu ulgamy kemala getirmäge saldamly goşant bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, bu transmilli taslama Türkmenistanyň milli ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, innowasiýalary, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitlerini nazara almak bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň diwersifikasiýalaşdyrylan ulgamyny döretmäge gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir.

Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagy uly ähmiýete eýedir. Bu taslama türkmen elektrik energiýasynyň eksport ugurlaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär. Ony Owganystana hem-de Pakistana ibermek bilen birlikde, Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna üstaşyr geçirmek mümkinçiligi hem açylýar. Şu günki waka Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädimdir. “Nur-el-Jahad” elektrik bekediniň işe girizilmegi türkmen elektrik energiýasynyň goňşy ýurda iberilýän möçberini artdyrmaga ýardam berer.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň öň ýanynda gurluşygyna badalga berlen bu iri taslamalar geljekde goňşy halkyň türkmeniň tebigy gazyndan we elektrik energiýasyndan peýdalanmagyna giň şertleri döreder. Şeýle ynsanperwer başlangyçlary durmuşa geçirip, goňşy owgan halkyna dostluk goluny uzadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdylýan alkyşlar egsilmezdir.

Döwletýar GURBANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu