Durmuşda fiziki we ruhy täsirler wagtyň geçmegi bilen adamyň beýnisiniň işjeňligini peseldip bilýär. Bu bolsa ýatkeşligiň kütelmegine we pikirleriň işjeňliginiň peselmegine ýol açýar. Ýatkeşlik — bu beýniň biziň ýaşan we öwrenen zatlarymyzy özünde saklaýan we gerekli wagty ýatladyp bilýän ukybydyr. Ýatkeşlik bilen bagly meseleler köpimiziň durmuşymyzda häli-şindi gabat gelýär. Edil türgenleriň türgenleşip, maksadyna ýetişi ýaly, biz hem özümizi türgenleşdirip, ýatkeşligimizi artdyryp bileris. Eýsem-de, ýatkeşligiňi nädip türgenleşdirmeli?!
- Kadaly iýmitlenmek. Dogry iýmitlenmek diňe bir aşgazanymyz üçin däl, eýsem beýni we nerw ulgamymyz üçin hem örän peýdalydyr. Munuň üçin hozuň maňzyny iýmek maslahat berilýär. Hoz nerw ulgamy üçin örän peýdaly iýmitdir. Ol, esasan, ýadaw beýnini rahatlandyrýar. Ondan basga-da, bilermenleriň aýtmagyna görä, biziň ýatkeşligimizi ösdürmek üçin gerekli bolan minerallaryň, witaminleriň köpüsi, esasan, gara kişmişde bardyr. Kütelen ýatkeşligimizi dikeltmek üçin gara şokolad, balyk ýaly önümleri iýmek peýdalydyr.
- Uludan demiňi almak. Gaýgy-aladanyň beýni öýjüklerine täsiriniň öňüni almak üçin uludan dem almak ýa dem alyş maşklaryny ýerine ýetirmek zerurdyr. Bu ýagdaý beýniň rahatlanyp, täzeden işe başlamagyna täsir edýär, şol sanda-da ünslüligi, ýatkeşligi gowulandyrýar.
- Günde 5 kilometr ýöremek, sport bilen meşgullanmak. Ýörişe çykmak diňe bir bedenimiz üçin däl, eýsem beýni ulgamy, şeýle-de ýürek üçin hem örän peýdalydyr. Sport biziň saglygymyzyň girewidir.
- Belli gün tertibiniň saklanmagy. Her bir adamyň şahsy gün tertibi bolýar. Ýöne, gynansakda, «zerur» hasap edýän işlerimiz üçin käte wagtynda iýip-içmegiň we kadaly ukynyň gün tertibini bozýarys. Bu bolsa, hökmany suratda, beýni ulgamyna ýaramaz täsirini ýetirýär.
- Nerw ulgamynyň işjeňligini artdyrmak üçin oýunlary oýnamak. Krossword çözmek, küşt, saşka ýaly oýunlary oýnamak biziň pikirleniş we ýatkeşlik ukybymyzy ösdürmekde örän ähmiýetlidir.
- Wagtly-wagtynda dynç almak. Iş pursadynda ýa-da arakesmelerde kitap okamak bilen birlikde, wagtly-wagtynda dynç almak hem saglygymyz üçin peýdalydyr.
- Zyýanly endiklerden daşda durmak. Zyýanly endikler ilkinjileriň hatarynda ýatkeşligimize, nerw ulgamymyzyň işleýşine erbet täsirini ýetirýär.Ş eýle endiklerden daşda dursak, diňe bir özümizin däl, eýsem neslimiziň hem saglygy ugrunda alada etdigimiz bolar. Saýtyň habarçysy, TURKMENgazet.