Žurnalistiň sahypasy

Halk demokratiýasynyň kämil nusgasy

12-09-2024 / 38

«Halkda Hakyň ady bar», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen ýaly aýtgylary döreden parasatly pederlerimiz her bir işde il-halka geňeşipdirler. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bolsa bu durmuşy ýörelgäniň mynasyp dowamy bolup, nusgalyk döwlet taglymaty bilen beýik geljegi gurýandygymyzyň aýdyň nyşanydyr.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi ýurdumyzda kanunyň hökmürowanlygynyň, milli kanunçylygyň talaplarynyň pugta berjaý edilýändiginiň, yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň özboluşly mysaly boldy. Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan çuň manyly çykyşy, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly möhüm başlangyçlaryň beýan edilmegi demokratiýanyň ýörelgeleriniň ulgamlaýyn durmuşa geçirilýändigini subut edýär.

Golaýda bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden Kararyna laýyklykda, halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak bellenildi. Şanly ýylymyzda geçiriljek umumymilli forum akyldar şahyrymyzyň arzuwlan berkarar döwletlilik taglymatynyň barha rowaçlanýandygynyň ajaýyp beýanyna öwrüler.

Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgelerimize laýyklykda, halka daýanyp, halkyň hatyrasyna netijeli durmuş-ykdysady syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagyna kuwwatly itergi berer.

Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu