
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan özüniň ösüş derejelerini barha ýokarlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda ýaşaýan her bir adamyň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmek maksatly edilýän işleriň sany barha artýar. Esasan hem, her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar yzygiderli geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda adamlaryň we raýatlaryň jan saglygyna, howpsuzlygyna gönükdirilen bu çäreleriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem guramaçylykly geçirilýändigi hemmämize aýdyňdyr. Bu günki günde eziz Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda kabul edilen birnäçe maksatnamalaryň esasynda döwrebap gara ýollaryň müňlerçe kilometrlere uzalyp gitmegi ýaşaýjylaryň howpsuz we rahat ýaşamaklygy üçin edilýän tagallalaryň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda hereket edyän kanunlar, kodeksler we kadalaşdyryjy hukuk namalar Türkmenistanda ýaşaýan ýaşaýjylaryň bähbitlerine laýyklykda kabul edilýär. Şol sanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny muňa aýdyň mysaldyr. Hut şu Kanuna laýyklykda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda döwlet gözegçiligi amala aşyrylýar.
Bu biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň her bir künjeginde guramaçylykly we özboluşly täsirli çäreleriň, maslahatlaryň geçirilmegi bilen ýol hereketiniň düzgünleri, pyýada we sürüjiniň wezipeleri barada nygtalyp geçilmegi ösüp gelýän ýaş nesiller üçin edilýän tagallaryň biridir. Çünki asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda yaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hydyr ERSARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.



