
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen amaly-haşam sungatynyň, halk senetleriň özboluşlylygyny öwrenmäge we dünýä tejribesini öwrenmäge giň şertler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda parahatçylyga we ynanyşmaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlykda özara medeni gatnaşyklar aýratyn orny eýeläp, dünýä döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäher Halk çeperçilik we amaly-haşam sungatyny dikeltmek, gorap saklamak, öwrenmek we öndürmek boýunça merkezi bilen bilelikde «Garaşsyzlyk ýyllarynda milli senetçiligiň ösdürilişi hem-de dünýä tejribesini öwrenmegiň derwaýys meseleleri» atly onlaýn maslahaty we ussatlyk sapaklary geçirildi.

Maslahatyň dowamynda türkmen we tatar alymlarynyň, sungaty öwrenijileriň, senetçileriň çykyşlary diňlenildi. Milli senetçiligiň dünýä ýaýran sungatymyzyň ähmiýetine, türkmen amaly-haşam sungatynda senetçiligiň we döredijiligiň baglanyşygyna, häzirki zaman keşdeçilik sungatyna, keçe taýýarlamagyň milli däplerine we döwrebap usullaryna, deri önümlerini taýýarlamagyň gadymy tehnologiýasynyň dikeldilişine, dokmaçylygyň gadymy usullaryna we häzirki zaman tehnologiýalaryna, amaly-haşam sungatynyň kämillige tarap ösüşine bagyşlanan çykyşlar medeni hyzmatdaşlygyň täze derejelere göterilmegine ýardam edýär.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymlary Jeren Çaryýewa, Gülara Babaýewa we Berdimuhammet Saparow türkmen halyçylyk, keramika we zergärçilik sungaty boýunça ussatlyk sapaklary geçirdiler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň döreden halylary hem-de haly önümleri, keramiki eserleri, zergärçilik şaý-sepleri, şeýle hem Ajap Baýryýewanyň çaga kürtekçeleri, Aýna Patarowanyň täsin şekilli keçeleri, Olga Ragulinanyň milli eşikli gurjaklary, Andreý Medwedewiň deri önümleri bu halkara çäräniň many-mazmunyny baýlaşdyrdy.
Sungat ojagynda geçirilen medeni çäre bir tarapdan türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelen baý medeni mirasyny, milli senetçiligini we amaly-haşam sungatyny wagyz etmek, dünýä halklarynyň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşmak babatda ajaýyp mümkinçilik bolan bolsa, ikinji tarapdan türkmen we tatar halklarynyň milli senetçilik sungatynda öz beýanyny tapýan parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetliligi we dost-doganlygy alamatlandyrdy.
Gülälek KEROGLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.



