
Ýaş nesliň sagdyn bedenli, kämil bilimli, çuňňur watansöýüji bolup ýetişmegi ugrunda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän çäreler täze taryhy eýýamda many-mazmun hem-de çemeleşime taýdan örän netijeli häsiýete eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bu ugurda ýurdumyzyň bilim edaralary tarapyndan döwrüň talabyndan ugur alnyp, giň möçberli, köpugurly işler ýola goýulýar.
Ýaş nesli belent watansöýüjilik, milli gymmatlyklara, däp-dessurlara sarpa goýmak ruhunda terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dürdäne eserleriniň hem aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellemek zerur. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eseri ýaş türkmenistanlylary täze üstünliklere ruhlandyrýan, beýik işlere çagyrýan, ertirlerimize şamçyrag bolýan ruhy goldaw, gymmatly gollanmadyr. Hormatly Prezidentimiziň taryhymyzyň şöhratly sahypalaryndan söz açýan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň hem elimize gowuşmagy ekerançylygyň irki ojagy, gadymy siwilizasiýalaryň sallançagy, ak bugdaýyň asyl mekany bilen ýakyndan tanyşmak üçin amatly mümkinçilik döredýär. Onda ajaýyp pikir-garaýyşlaryň taryhy ýazuw çeşmeleri, arheologiýa, etnografiýa, edebiýat, paleografiýa, geografiýa ýaly ylymlaryň maglumatlarynyň halk hakydasynda orun alan rowaýatlardyr tymsallar bilen utgaşdyrylyp beýan edilmegi eseriň ähmiýetini has-da artdyrýar. Kitabyň baý many-mazmunyny we ähmiýetini okyjylar köpçüliginiň arasynda giňden wagyz-nesihat etmäge bagyşlanan çäreler bilim edaralarynda hem geçirilip durulýar. Şeýle syýasy-filosofik, taryhy-dokumental eserler ýaşlaryň watansöýüjiligini ýokarlandyrýar, halkymyzyň şöhratly geçmişiniň, ösüşli şu gününiň, röwşen geljeginiň many-mazmunyna, ähmiýetine içgin düşünmegine çelgi bolýar.
Türkmen ýaşlarynyň döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşmegini, bilimlerini artdyrmagyny gazanmak ugrunda amal edilýän çäreler hem hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim syýasatynda aýratyn orna eýe. Şunda ýurdumyzda her ýyl 1-nji synpa gadam goýýan mekdep okuwçylaryna noutbuk görnüşli kompýuterleriň sowgat berilýändigini aýratyn nygtamak gerek. Sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň bilim işinde giňden peýdalanylmagy geçilýän sapaklaryň hil hem many-mazmun taýdan täze derejä çykmagyna giň ýol açdy. Netijede, interaktiw usullaryň, kompýuter tehnologiýalarynyň üsti bilen okuwçylaryň dersler boýunça maglumatlary giňişleýin özleşdirilmegi üpjün edilýär. Şunda «eMekdep» ulgamynyň umumybilim edaralarynda birnäçe ýyldan bäri hereket edýändigini, onuň okuwçylary bahalandyrmakda, öý işini soramakda, synaglara taýýarlanmakda, ene-atalaryň çagalarynyň ýetişiginden dessin habarly bolmagynda, mugallymlaryň usulyýet üpjünçiligini gowulandyrmakda, elektron görnüşdäki okuw kitaplarydyr gollanmalaryň, öwrediji oýunlaryň, serişdeleriň baý goruny emele getirmekde özüniň oňyn netijesini berýändigini nygtamak zerurdyr.
Umuman, täze taryhy eýýamda ylym-bilime ösüşiň, özgertmeleriň, öňegidişlikleriň hereketlendiriji güýji hökmünde baha berilýär. Ýurdumyzda bu ulgamyň döwrebaplaşdyrylmagy, ösdürilmegi ugrunda aýratyn aladalar edilýär. Şeýle işlere döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde üns berýän hormatly Prezidentimiziň, her bir ýaş raýatymyzy aýratyn mähir hem alada bilen gurşap alan Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent maksatly tutumlary hemişe rowaç bolsun!
Merjen HYDYROWA,
Köýtendag etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy, Ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.



