
Mälim bolşy ýaly, mekdebe çenli çagalar edaralary ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ilkinji basgançagydyr. Bu döwür çagalar üçin-de, ata-eneler üçin-de örän jogapkärli we möhümdir. Mekdep ýaşyna ýetmedik körpe çagalar daş-töwerek baradaky ilkinji düşünjeleri, edep-terbiýäni mekdebe çenli çagalar edaralarynda alýarlar hem-de mekdep okuwyna taýýarlanýarlar.
Bagtyýar çagalygyň, iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurdy hökmünde ykrar edilýän eziz Diýarymyzda ýaş nesiller aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Döredilýän giň mümkinçilikler, döwrebap şertler olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň gözýetimli, watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerinde örän uly ähmiýete eýedir. Şunda ýaşlaryň häzirki zaman derejesinde bilim almaklaryna, ylmyň soňky gazananlaryndan habarly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine-de möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek.
Şular bilen baglylykda, mekdebe çenli bilim edaralarynda okuw sapaklaryny usuly taýdan dogry alyp barmak üçin, çagalar baglarynyň pedagogik işgärleriniň ulanýan her bir görkezme esbaby, elektron ýazgylary degişli okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylyp, onda çagalaryň ýaş aýratynlyklary, ukyp-başarnyklary göz öňünde tutulmalydyr.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda okuw işlerini, öwrediji oýunlary innowasion tehnologiýalaryň kömegi bilen guramagyň peýdaly taraplary kändir. Emma çagalaryň sapagy özleşdiriş derejesiniň aýratynlyklaryny we isleglerini hem ünsden düşürmeli däl. Çagalaryň ýönekeý matematiki düşünjeleri öwrenmeklerini, özleşdirmeklerini gazanmak ilkinji hem-de zerur işleriň biridir. Bu olaryň akyl ýetiriş, pikirleniş ukybyny, ünsüni we ýatkeşligini ösdürýär. Öwrediji oýunlarda elektron galamy peýdalanmak bilen, çaga bogunlary, sanlary ýazmagy başarýar. Çyzyklary çyzmak, syçanjygy işletmek bilen, şekilleri ýa-da suraty bir ýerden başga bir ýere geçirmek, harplardan söz düzüp bilmek hem şuňa girýär. Meseleleri yzygider düzüp beýan etmegi başarmak, sesleri diňlemek we tapawutlandyrmak bu ugurda ilkinji basgançaklary emele getirýär. Netijede, bularyň barysy birleşip, çaganyň döredijilik başarnyklarynyň ösmegine getirýär.
Ýurdumyzda ýaş nesilleriň hut çagalar baglaryndan başlap döwrebap derejede bilim almaklary babatda taýsyz tagallalar edýän we bu ugurda ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Leýla RAHMATULLAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 34-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.



