
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýarlygy buşlap gelýän her bir ýylymyz türkmen halkymyzy täze ösüşlere, şanly wakalara şaýat edýär. Il-halkymyzyň teklipleri nazarda tutulyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen 2024-nji ýylymyzyň her bir gününde täze üstünlikleriň, ösüşleriň, bagtyýarlygyň, esasan-da, söz mülküniň aryby Magtymguly Pyragynyň şirin şygyrlarynyň belent ruhy duýulýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Her ýyly täzeçe atlandyrmak birnäçe ýyllardan bäri döwletimizde adata öwrüldi. Çünki ýylyň ady bizi belentliklere, täze sepgitlere ýetmeklige ruhlandyrýar. Ýylyň adynda üýtgeşik bir güýç bolýar» diýip belleýär. Hut şonuň üçin hem, bu ýylda-da Magtymguly Pyragynyň pähim-parasadyndan ruhlanan halkymyzyň akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatyny baýlaşdyran döredijiliginiň beýikligi ýaly belent sepgitlere ýetjekdigi şübhesizdir. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň diňe bir döwlet derejesinde däl, eýsem, halkara baýramçylyk hökmünde belleniljekdigi halkymyzyň göwnüni götermek bilen çäklenmän, ýyllaryň ýüzünde ýylgyryş döredip, günleriň ruhuny galkyndyrýar.
Türkmen edebiýatyny bütin dünýä tanadan Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe sürülýän watansöýüjilik, ýagşylyk, ynsanperwerlik, halallyk, adamkärçilik ýaly birnäçe oý-pikirler halkymyzyň däp-dessurlaryna, milli ýörelgelerine, umuman, türkmençilik kadalaryna siňendir. Esasy Kanunymyz bolan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň özeni hem şol ýörelgeler esasynda düzülendir. Bular bolsa Magtymguly Pyragynyň, sözüň doly manysynda, bütin adamzadyň şahyrydygyndan, halkymyzyň beýik şahsyýetlerine goýýan sylag-sarpasyndan habar berýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň dana şahyrymyzyň dürdäne şygyrlarynda ündelýän ynsanperwerlik, agzybirlik, dostluk ýaly düşünjelere esaslanýandygyndan diňe bir bu ýylymyzyň adynyň däl, eýsem-de, döwletli döwrümiziň hem Magtymguly Pyragy bilen berk baglanyşyklydygyny görmek bolýar.
Goý, şeýle ajaýyp döwürde her birimiziň gözel arzuwlarymyz hasyl bolup, öňümizde goýan belent maksatlarymyz myradyna gowuşsyn! Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny äleme aýan eden Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edebiýatymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Ahunjan BABAÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň 5-nji ýyl talyby.



