
Lukmançylyk ylmyndan belli bolşy ýaly, şikesleri bejermek we öňüni almak hirurgiýanyň esasy bolup durýar. Her bir hirurg trawmatologiýanyň we ortopediýanyň esaslaryny öwrenmelidir. Bu ugurda nazary we amaly bilimler bolmasa, dürli şikesleri bejermek kyn bolar.
Ortopediýa keselleri, daýanyş we hereket ediş ulgamynyň deformasiýalaryny, şeýle-de, olary anyklamagyň, bejermegiň hem-de öňüni almagyň usullaryny öwrenýän hirurgiýanyň bir bölümidir. Bu adalga iki sany grek sözünden bolup, orto – göni, dogry we pediýa – çaga, terbiýe diýmegi aňladýar. Pariž uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň professory Nikol Andriniň «Ortopediýa çagalarda bedeniň deformasiýasynyň öňüni almagyň we korrektirlemegiň sungaty hökmünde» atly iki tomluk kitabynyň çykan wagty, ýagny 1741-nji ýyly ortopediýanyň döredilen ýyly diýip hasap edilýär. Andri «Ortopediýanyň» düşündirilişine çagalaryň bedeniniň deformasiýasynyň öňüni almagyň we korrektirlemegiň dürli metodlarynyň öwredilmegini hem goşupdyr. Şeýle hem oňa ortopediýanyň nyşanyny döretmek barada pikire degişlidir. Ol 1953-nji ýylda Londonda kabul edildi. Russiýada ortopediýa Sank-Peterburg şäherinde 1804-nji ýylda lukmançylyk-hirurgiýa akademiýasynda rus hirurgy, akademik Iwan Fedorowiç Buşuň tagallalary bilen döredi.
XIX asyryň 80-nji ýyllarynda Lukmançylyk-hirurgiýa akademiýasynda özbaşdak deamurgiýa we mehanurgiýa kafedrasy döredildi. 1895-nji ýylda oňa Genrih Iwanowiç Turner ýolbaşçy boldy. Ol milli ortopediýanyň esaslandyryjysy hasaplanýar. Ol şu ugra degişli ählumumy okuw sapagyny geçirip, bu ugry amaly tarapdan ösdürmäge synanyşyk edýär, ýagny isleg bildiren adamlarda dürli daňylaryň goýluşyny görkezýär. Turneriň teklibi bilen, sapaklara gatnaşyjylar iki topara bölünip, professoryň ýolbaşçylygynda daňylary goýmak boýunça iş alyp barýarlar. Gatnaşyjylary harby-sanitar işi bilen tanyşdyrmak maksady bilen, agşamlaryna ilkinji kömegi bermegiň we gany duruzmagyň usullary görkezilýän sapaklar geçirilipdir. Mundan başga-da, Turner harby meýdan hirurgiýasyny öwrenýän lukmanlara desmurgiýa boýunça sapak beripdir.
Desmurgiýa we mehanurgiýa boýunça sapaklar hirurgiýa muzeýinde geçirilipdir. 1897-nji ýylyň fewralynda Turner konferensiýasynda 1895-nji ýylyň 18-nji martynda kabul eden Kararyny durmuşa geçirmegi baradaky habarnama gowşurýar. Onda desmurgiýanyň diňe bir aýry ders hökmünde okadylmagyny saklaman, eýsem, okuw meýilnamasyny giňeltmek, kliniki gospitalyň ýanynda ortopediki bölümi döretmek barada teklipler aýdylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş we anylaýyş merkezleriniň maddy-tehniki binýady has kämilleşdirilýär we dünýä ülňülerine laýyk getirilýär. Munuň şeýledigini Aşgabatda, Arkadag şäherinde, welaýatlarymyzda täze saglygy goraýyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi we ol ýerde zähmet çekmek üçin has kämil enjamlaryň oturdylmagynyň özü-de, aýdyňlygy bilen görkezýär. Dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän sagaldyş merkezleri, sport merkezleri we medeni dynç-alyş zolaklary ynsan saglygyny berkitmekdäki anyk ädimlerdir. Şeýlelikde, ynsanyň beden saglygy, rahatlygy, ruhy kämilligi gazanylýar.
Şöhrat AŞYROW,
Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň neýrohirurg lukmany.



