
Sport — parahatçylygyň ilçisi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamy ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar.
Ildeşimiz Alp Arslan Begenjowyň erkin göreş boýunça Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda (U-20) altyn medala mynasyp bolmagy türkmen türgenleriň ýokary sport taýýarlygyndan habar berýär. Turuwbaşdan bellesek, bu ýurdumyzyň taryhynda erkin göreş boýunça 20 ýaşa çenli pälwanlaryň arasynda gazanylan ilkinji altyn medaldyr.
Alp Arslan Begenjow şu ýylda ajaýyp netijeleri görkezýär. Ol mart aýynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda, iýun aýynda Iordaniýanyň Amman şäherinde geçirilen 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda hem bürünç medallary eýeläpdi. Şeýle hem ezber türgen iýul aýynda Tailandyň Si-Raça şäherinde 20 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky geçirilen erkin göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda altyn medala mynasyp bolupdy.
Ýurdumyzda soňky ýyllarda sport hereketini ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ähli sebitlerde zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, atçylyk sport toplumlary, sport mekdepleri we beýleki degişli desgalar guruldy. Munuň özi ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin edilýän tagallalardan nyşandyr.
Güljahan NURMYRADOWA,
Tejen etrabynyň Altyn asyr şäheriniň sport mekdebiniň hünärmeni.



