
Ýurdumyzyň döwlet gurluşynda ata-babalarymyzyň iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meselelerini çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alynýar we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerilýär. 24-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul ediljek çözgütler täze ösüşlere badalga berer, belent sepgitleriň gözbaşyna öwrüler.
Halkyň özygtyýarlylygy hukuk döwletiniň iň esasy alamatlarynyň biridir. Şonuň bilen birlikde, munuň özi halk häkimiýetiniň, ýagny demokratiýany hakykat ýüzünde amala aşyrmagyň möhüm şertidir. 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanun kabul edilip, Konstitusiýamyza Halk Maslahatynyň halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradygy, ony döretmegiň tertibiniň we ygtyýarlyklarynyň Konstitusion kanun bilen kesgitlenýändigi baradaky kadalar girizildi. Bu bolsa halk häkimiýetiniň bu ýokary wekilçilikli edarasynyň döwletimiz üçin syýasy we hukuk taýdan möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär. Döwürleriň aýrylmaz baglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamat-dowamlygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän milli demokratik ýörelgelere, saýlap alan döredijilikli ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde: «Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek däbini, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr» diýip belleýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylanlary has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarynda täze sepgitlere ýetirmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen döredilen bu edara häzirki wagtda giň gerimli işleri amala aşyrýar.
Döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, özgertmeleri we durmuş-ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmäge halk köpçüligini giňden çekmek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de döwletimiziň täze taryhy döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy maksatlary bolup durýar. Halk häkimiýetiniň bu ýokary wekilçilikli edarasy ýurdumyzda giň gerimli işleri amala aşyrmak bilen, halkyň arasynda uly abraý gazandy, belent ynama mynasyp boldy.
Aýbölek ARTYKMYRADOWA,
TDP-niň Köýtendag etrap komitetiniň statisti.



